Türkmenistan Howanyň Çalşygyna garşy göreşi goldaýar

Howanyň Çalşygyna garşy göreşde global tagallalara goşant goşan ýurtlaryň biri hem Türkmenistan boldy

1828781
Türkmenistan Howanyň Çalşygyna garşy göreşi goldaýar
Türkmenistan’da İklim Değişikliği ile Mücadeleye Destek (1).jpg
Türkmenistan’da İklim Değişikliği ile Mücadeleye Destek (2).jpg
Türkmenistan’da İklim Değişikliği ile Mücadeleye Destek (4).jpg

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Pariž ylalaşygynyň esasy maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly Goşant goşmak baradaky Milli beýannama bilen baglanşykly kararnama gol çekdi.

Türkmenistanda daşky gurşaw bilen bagly meseleler döwletiň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kabul edilýär. Ýurtda Aral kölüniň guramagynyň öňüniň alynmagy bilen bagly milli maksatnamadan soň, indi bolsa Global Howa Çalşygyna garşy jogapkärçilikleri özünde jemleýän resminama gol çekildi.

Pariž ylalaşygyny goldaýan  Türkmenistanyň hökümedi, ýurdyň parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak baradaky maksatnamanyň orta goýulan Goşant goşmak baradaky Milli beýannamany tassyklady. Howanyň Çalşygyna garşy göreş bilen bagly tagallalara goşant goşýan resminama, BMG-nyň Howanyň Çalşygynyň Çarçuwa ylalaşygynyň sekretarlygyna ugradylar.

Şeýlelik bilen Türkmenistan energetika, transport, oba hojalyk, senagat we önümleriň ulanylmagy, zyňyndylaryň gaýtadan işlenýän ugurlary boýunça 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär we maliýe taýdan öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirer.

Pariž ylalaşygy dünýäniň 196 ýurdy tarapyndan gol çekilipdi we 2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje giripdi.  



Degişli Habarlar