Türkmen Halky Ertir Täze Döwlet Baştutanyny Saýlar

Saýlaw şenbe güni 07.00-da başlar we 19.00-a çenli dowam eder.

1793848
Türkmen Halky Ertir Täze Döwlet Baştutanyny Saýlar

Türkmenistanda ertir prezident saýlawy geçirler.

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň berýän maglumatyna görä, saýlawda Serdar Berdimuhamedow, Agajan Bekmyradow, Babamyrat Meredow, Kakageldi Sariýew, Berdimuhammet Gurbanow, Maksatmyrat Öwezow we Hydyr Nunnaýew bilen birliklde 9 dalaşgär bäsleşer.

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň döwlet dolanşygynda ýer almagyna goldaw bermek üçin möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi barada karar kabul edipdi.

Berdimuhamedow saýlawda ýaňadandan dalaşgär bolmajakdygyny, diňe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk etjekdigini mälim edipdi.

Beýleki tarapdan saýlawlara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyndan we Türk Döwletleri guramasyndan synçylar gatnaşar.

Saýlaw şenbe güni 07.00-da başlar we 19.00-a çenli dowam eder.

 

 

 



Degişli Habarlar