Türkmenistan we Russiýa Hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Moskwa iş saparyny gurady

1783893
Türkmenistan we Russiýa Hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdiler
Türkmenistan ve Rusya İşbirliği Protokolü İmzaladı (5).jpg
Türkmenistan ve Rusya İşbirliği Protokolü İmzaladı (1).jpeg
Türkmenistan ve Rusya İşbirliği Protokolü İmzaladı (2).jpeg
Türkmenistan ve Rusya İşbirliği Protokolü İmzaladı (2).jpg

Saparyň çäginde iki ýurdyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Moskwada duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurdyň arasynda syýasy, diplomatik, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň özgerendigi, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň bolsa güýçlenýändigi bellenilip geçildi.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirilendigi mälim edildi. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow rus dilinde Türkmenistanda bildirilýän gyzyklanma sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

Maslahatda Aşgabatda 6-njysy geçiriljek Hazar sammitiniň ähmiýediniň üstünde durulyp geçildi. Lawrow sammitiň ahyrynda häzirki wagtda üstünde gepleşikler geçirilýän resminamalar boýunça ylalaşyga gelinip bilinjekdigini beýan etdi.

Türkmenistan tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy ugrunda edýän işleriniň kanagatlandyryjydygyny belledi.

Geçirilen gepleşiklerden soň iki ýurdyň ikitaraplaýyn häsýetdäki bähbitleriniň esasynda sebitleýin howpsuzlyk we galkynyş ugurlary bilen epidemiýa garşy göreş we halkara maglumat howpsuzlygy babatynda 2022-2025-nji ýyllary öz içine alýan Türkmen-Rus Hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişildi.



Degişli Habarlar