Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Wezipesine Dalaşgärlige Hödürlendi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň IX gurultaýynda delagatlar Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

1778649
Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Wezipesine Dalaşgärlige Hödürlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlarynda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi.

Häkimiýetiň başyndaky Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary geçirlen IX gurultaýynda delagatlar Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Serdar Berdimuhamdow bildiren ynam üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigini hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerden ugur alyp, ähli ukyp başarnygyny gaýgyrman, Watanymyz, halkymyz üçin, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.



Degişli Habarlar