Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdary artdy

Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral tarapyndan Türkiýäniň ilçihanasynda “Metbugat işgärleri bilen duşuşyk” maslahaty geçirildi

1765806
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdary artdy
Türkiye Türkmenistan Arasında Ticaret Hacmi Arttı 2.jpg
Türkiye Türkmenistan Arasında Ticaret Hacmi Arttı 3.jpg
Türkiye Türkmenistan Arasında Ticaret Hacmi Arttı 4.jpg

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda 2021-nji ýylyň taryhy bir ýyldygyny aýdan Togan Oral, pandemiýa garamazdan iki ýurdyň arasyndaky söwda mukdarynyň artandygyny habar berdi.

Ýakyn wagtda Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň gatnaşmagynda Ykdysady komissiýanyň maslahatynyň Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi.

Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklarynda soňky 1 ýylyň gözden geçirilen maslahatda, ýurtda akkredetirlenen ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş eden Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-njy ýylynda iki ýurdyň liderleriniň ikitaraplaýyn häsýetde saparlar gurandyklaryny ýatlatdy. Saparlaryň çäginde köp sanda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň baglaşylandygyny, iki ýurdyň gatnaşyklara goşan goşandy mynasybetli Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň türkmen lideri tarapyndan “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” döwlet ordeni bilen sylaglandyrylandygyny we myhmansöýerlikleri üçi türkmen remislerine minnetdarlyk bildirdi.

2021-nji ýylyň ilkinji 11 aýynyň Türkmenistanyň Türkiýä eksportynyň 50 göterim artyp, 49 million dollardan geçendigini, Türkiýäniň şol döwür aralygynda Türkmenistana amala aşyran eksportynyň 27,2 göterim artandygyny we iki ýurdyň arasyndaky jemi söwda mukdarynyň 1 milliard 911 million dollar bolandygyny habar berdi. Iki ýurdyň arasyndaky söwda mukdarynyň pandemiýa garamazdan artmagynda Trans-Hazar aragatnaşyk koridorynyň möhümdigini, emma ýeterlik derejede bolmandygyny mälim etdi. Görüljek öňüni alyş çäreler bilen THÝ-nyň çarter uçar saparlarynyň ýaňadandan başladylmagyna ähmiýet berýändiklerini aýan etdi.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň ýolbaşçylyk edýän Türkiýe-Türkmenistan hökümetara Ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň taýarlyklaryny alyp barýandyklaryny aýdan Togan Oral, 2022-nji ýylda yza süýşürilen Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan Üçtaraplaýyn Liderler maslahatynyň hem Türkmenistanda geçiriljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar