Türkmen-Özbek raýdaşlygy sebitde ykdysadyýeti janlandyrdy

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmegindäki türkmen wekiliýeti, Özbegistanda saparda boldy

1765209
Türkmen-Özbek raýdaşlygy sebitde ykdysadyýeti janlandyrdy

Geçirilen duşuşyklarda syýasy dialogyň esasynda berkän gatnaşyklaryň ykdysadyýete ýetiren oňyn täsirleri ele alyndy. Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryň göwrümini has hem artdyrmak üçin umumy hyzmatdaşlyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada karara gelindi.

Türkmen wekiliýeti ilki bilen Özbegistanyň Maýa goýum we Daşary söwda ministri we Wise-premýeri Serdar Umurzakow bilen duşuşyk geçirdi, soň bolsa Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Geçirilen duşuşyklarda iki ýurdyň arasynda ähli ugurlar boýunça berkeýän gatnaşyklara kanagatlanma bildirdildi. Ikitaraplaýyn söwda kuwwadyny has hem artdyrmak we ilki bilen 1 milliard dollara ýetirmek üçin energetika, senagat, suw, oba-hojalyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça täze hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada karara gelindi. Aragatnaşyk toruny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly üstaşyr geçişleriň mümkinçiliklerini orta goýmak ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň içinde ylalaşyk gazanylan Türkmen-Özbek Söwda zolagynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. 2022-nji ýylda Özbegistan we Türkmenistan Işewürler forumynyň geçirilmegi barada karara gelindi. Geçirilen gepleşiklerden soň iki ýurdyň edaradyr kärhanalarynyň arasynda ençeme maýa goýum we eksport ylalaşyklary baglaşyldy.

Türkmenistan we Özbegistan soňky 4 ýylyň içinde ikitaraplaýyn söwda kuwwadyny 5 esse artdyrdylar. 2021-nji ýylda söwda kuwwady 65 göterim artyp, takmynan 880 million dollara ýetdi.



Degişli Habarlar