Türkmenistandaky Derweze gaz krateri söndüriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Derweze gaz kraterinde 1971-nji ýyldan bäri ýanýan oduň söndürilmäge başlanmagy üçin görkezme berdi

1759602
Türkmenistandaky Derweze gaz krateri söndüriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Ministrler kabinetiniň mejlisinde beren beýanatynda, Derweze şäherçesiniň golaýynda gaz krateriniň eýýäm ençeme ýyl bäri ýanýanýandygyny we bu ýagdaýyň hem daşky gurşawa hem-de golaýda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýändigini habar berdi. 

Derwezede ýurda möhüm girdeji getirip biljek bu çeşmäniň boşuna sarp edilýändigini aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow, hökümede alymlary bir ýere jemläp, gerek bolan halatynda daşary ýurtly hünärmenlerden hem goldaw alyp ýangyny söndürmek üçin ýollaryň tapylmagy barada görkezme berdi. 

SSSR zamanynda geologlaryň geçiren işleri netijesinde ýalňyşlyk bilen emele gelen gaz krateri 1971-nji ýyldan bäri ýanmaga dowam edýär. 

Jähennem gapysy diýip hem atlandyrylýan krater syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 



Degişli Habarlar