Türkmen-Owgan serhedinde çaknyşygyň bolandygy baradaky habarlaryň nädogrydygy beýan edildi

Birnäçe gün ozal Türkmenistan-Owganystan serhedinde ýaragly çaknyşygyň bolandygy baradaky habarlaryň hakykata bap gelmeýändigi habar berildi

1757603
Türkmen-Owgan serhedinde çaknyşygyň bolandygy baradaky habarlaryň nädogrydygy beýan edildi
Türkmen – Afgan Sınırındaki Çatışma Haberleri Yalanlandı 2.jpg
Türkmen – Afgan Sınırındaki Çatışma Haberleri Yalanlandı 3.jpg

Türkmenistanyň Kabul şäherindäki ilçihanasy we Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi mesele bilen bagly beýanat berdi.

Türkmenistanyň Kabul şäherindäki ilçihanasy tarapyndan berilen beýanatda 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda käbir media organlarynda Türkmen-Owgan serhedindäki ýagdaý barada tassyklanmadyk habarlaryň berilendigi mälim edildi. Mundan başgada Türkmen-Owgan serhedinde parahatçylygy goramak üçin owgan tarapy bilen dowamly häsýetde sazlaşykly işleriň alynyp barylýandygy aýan edildi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk statusyna laýyklykda, Owganystan bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny dowam etdirýändigini beýan eden diplomatik missiýa umumy serhediň dostluk serhedidigini habar berdi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abdul Kahar Balkhi hem, Twitter sahypadan beren beýanatynda, Owganystan-Türkmenistan serhedinde ýaragly çaknyşygyň bolandygy baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini, dostlukly Türkmenistan bilen birlikde ähli dünýä ýurtlary bilen dipolmatik ýollar bilen kosntruktiw we oňyn gatnaşyklary ýola goýmak isleýändiklerini mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, geçen ýylyň oktýabr aýynda Kabula guran saparynda Owgan hökümetiniň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiripdi. Taraplar syýasy we ykdysady gatnaşyklar babatynda ýokary derejeli gepleşikler geçiripdi.

Geçen birnäçe gün ozal hem Türkmenistandan Owganystana azyk, tekstil we öý goşlary başda bolmak bilen 1200 tonna guty bilen 20 tonna ýangyç kömegini ugradypdy.



Degişli Habarlar