Türkmenistanıň Baş Arçasınıň Işıklarını Yakma Dabarası Geçirildi

Dünýäniň ençeme yurdunda täze yıl bayramçılıgına tayarlıklar dovam edyar

1749028
Türkmenistanıň Baş Arçasınıň Işıklarını Yakma Dabarası Geçirildi
17.12.21. TKM 1.jpg
17.12.21. TKM 2.jpg

Ine şol şäherlerden biri hem Aşgabat. Yurduň baş arçasınıň ışıklarını yakma dabarası geçirildi.

Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre deňdir.

Täze ýyl günleri bu ajaýyp baýramçylygyň aýdyň alamaty bolan Baş arçanyň oturdylan ýeri özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny bellän hem-de bu senesi Türkmenistanyň 30 ýyllyk iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna giren türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täsin künjekleriň birine öwrüldi.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen Täze ýyl kerweniniň ýörite ugry Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygyndan badalga alyp, şäheriň täze etrabynyň çäginden geçýär. 

Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyna geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary bilen ýalkym saçýar. Onuň ýanynda ertekiler dünýäsini ýada salýan, hemmeleriň söýýän baýramynyň barha ýakynlaşýandygy aýratyn duýulýar.

Agaçlaryň hem-de gyrymsy ösümlikleriň töwerekleri hem dürli öwüşginli yşyklar, çyralar bilen bezelipdir, olar agşamlaryna tutuş Täze ýyl görnüşiniň howada gaýýan ýaly täsirini döredýär.

Täze ýyl baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşylaýarlar.

 



Degişli Habarlar