Türkmenistanda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylda edilen işler barada maglumat berdiler

Türkmenistanda döwlete degişli guramadyr-edaralarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylda edilen işler barada Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda we senagat edarasynyň Kongres merkezinde maglumat berdiler

1745872
Türkmenistanda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylda edilen işler barada maglumat berdiler
Türkmenistan’da Kurum Yöneticileri 2021 Yılı Faaliyetlerini Değerlendirdi (2).jpg
Türkmenistan’da Kurum Yöneticileri 2021 Yılı Faaliyetlerini Değerlendirdi (3).jpg

Bitaraplyk baýramyndan ozal geçirilen maslahatyň 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçirilendigi aýan edildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýurtda 2021-nji ýylda edilen işleriň jemleri barada maglumat berýän maslahata ýer eýeçiligini edýär. Maslahata döwlete degişli guramalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, rektorlar bilen birlikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bitaraplyk baýramyndan ozal geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň parahatçylygyň, asudalygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki roluna ünsler çekildi.

Degişli guramadyr-edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan edilen çykyşlarda soňky 1 ýylda energetikadan transporta, senagatdan söwda işlerine we bilime, ylymdan saglygy goraýyşa çenli ýetilen sepgitleriň üstünde durulyp geçildi.

Ýurtda soňky 1 ýylda geçirilen köp sandaky halkara çäreleriň goňşy we uzak ýurtlar bilen edilýän söwda we medeni-ynsanpewer gatnaşyklaryny berkitmek üçin mümkinçilikleri hödürländigi beýan edildi. Soňky ýyllarda alynyp barylýan energiýa diplomatiýasy bilen energiýa howpsuzlygynyň täze başlyngyçlara itergi berendigi aýan edildi.



Degişli Habarlar