Prezident Erdogan Türkmenistana Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Resmi garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Berdimuhamedow özara duşuşyk geçirdi.

1739622
Prezident Erdogan Türkmenistana Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär
erdoğan berdimuhamedov3.jpg
erdoğan berdimuhamedov2.jpg

Resmi sapar bilen Türkmenistana giden Prezident R. T. Erdogan, Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Paýtagt Aşgabatda Oguzhan köşgünde geçirlen resmi garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Berdimuhamedow özara duşuşyk geçirdi.

Toparara gepleşiklerden soň iki lider şertnamalar bukjasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan bilen Berdimuhamedow soň bolsa metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda “Ata ýurdumyz Türkmenistana gelmekden bagtyýar. Pursatdan peýdalanyp Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Doganlyk gatnaşyklarymyzyň çäginde Türkmenistanyň üstünlikli dowam etdirýän bitraplyk statusyna goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan, “Şu gün baglaşylan şertnamalar bilen birlikde doganlyk ýurt Türkmenistan bilen edýän gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendirdik. Söwda mukdarymyzy 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Türkmenistana guraýan saparynyň ikinji günde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine gatnaşar.



Degişli Habarlar