Prezident Erdogan Ertir Türkmenistana Gider

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, paýtagt Aşgabatda Prezident Erdogany resmi dabara bilen garşylar.

1739456
Prezident Erdogan Ertir Türkmenistana Gider

Prezident R. T. Erdogan iki günlük resmi sapar bilen ertir Türkmenistana gider.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, paýtagt Aşgabatda Prezident Erdogany resmi dabara bilen garşylar.

Saparyň çäginde özara we toparara gepleşikler geçirler we iki taraply gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşiklerden soň şertnamalar bukjasyna gol çekişiler.

Prezident Erdogan, Türkmenistana gurajak saparynyň ikinji gününde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşar.

Sammitde gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar