XV Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahaty

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji maslahaty 28-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler

1738262
XV Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahaty

Prezident Erdoganyň hem gatnaşjak maslahat barada TRT-nyň Aşgabat şäherindäki wekili Ugur Sami Gezer beýanat berdi.

TRT-nyň Aşgabat şäherindäki wekili Ugur Sami Gezer: “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esaslandyrylan güni bolan 28-nji noýabrda Aşgabatda agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň 15-nji maslahaty geçiriler. Maslahata Prezident Erdogan bilen birlikde 10 ýurdyň Döwlet baştutanlarynyň bir ýere jemlenmegine garaşylýar. Guramanyň döwürleýin başlygy bolan Türkmenistan agza ýurtlaryň arasynda maýa goýumlary diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda kuwwadyny artdyryp ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin tagalla edýär. Şol çäkde 26-njy noýabrda Aşgabat şäherinde sammitiň çäginde Işewürler forumy geçiriler. Ondan soň bolsa Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem gatnaşmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşi geçiriler. Ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer eýeçilik etmegindäki sammitde durmuş we ykdysady ösüşi üpjün etjek we sebitdäki özara gatnaşygy berkitjek täze bir strategiýanyň düzülmegine garaşylýar. Biz hem öz gezegimizde sammite jikme-jik gözegçilik edip, gündelik hadysalar barada sizi habardar ederis” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar