Aşgabatda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikdäki Maksatnamasyna gol çekişildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi

1709292
Aşgabatda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikdäki Maksatnamasyna gol çekişildi

“Global pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak we habarlylygy artdyrmak” maksady bilen geçirilen gol çekmek dabarasynda türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG tarapyna bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapçenko gatnaşdy.

Bu umumy taslama bilen topluma we adamlara gönükdirilen usullar arkaly bir çemeleşme bilen hökümet resmileriniň mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegi we şol bir wagtda jemgyýetiň içinde durmuş-ykdysady taýdan dessine çäre görmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi maksat edinilýär. Mundan başgada taslama kesgitlenen  sebitlerde ýaşlaryň arasynda habarlylygyň artdyrylmagy maksat edinilýär.

Maksatnama Türkmenistanyň hökümetiniň BMG bilen umumy işleriniň bir bölegi hökmünde hemişelik Galkynyş maksatnamalaryny milli derejede durmuşa geçirmek maksady bilen alynyp barylýar.



Degişli Habarlar