Prezident Erdogan Türkmenistana sapar gurar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk we azerbaýjanly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy


Telefon söhbetdeşliginiň barşynda üç ýurdyň Döwlet baştutanlarynyň Türkmenistanda geçirjek ýokary derejeli maslahatlary barada pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygyna laýyklykda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň awgust aýynda Türkmenistana sapar guramagyna garaşylýar. Saparyň çäginde Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi barada karar kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, mesele bilen bagly türk we azerbaýjanly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň Türkmenistanda öňümizdäki aý geçirjek Üçtaraplaýyn maslahatyň taýarlyklary ara alynyp maslahatlaşyldy. Mundan başgada ýurtlaryň güntertibindäki beýleki diplomatik meseleler maslahatlaşyldy. Üçtaraplaýyn maslahatyň çäginde energetika, logistika we söwda ugurlary boýunça ençeme ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Şu ýylyň fewral aýynda üç ýurdyň Daşary işler ministrleri Türkiýede duşuşyk geçiripdiler. Gepleşikleriň barşynda türkmen gazynyň Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ugradylmagy bilen bagly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ele alynypdy.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwady 2020-nji ýylda koronawirus epidemiýasyna garamazdan 2 milliard dollar töweregi bolupdy. Geçiriljek bu duşuşyklar bilen üç ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem özgermegine garaşylýar.
Degişli Habarlar

Türkmen Lider deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagy, Türkiýäniň Antalýa syýahatçylyk zolagyny ýadyňa salýar

Soltan Alp Arslanyň Ýiten Gubyry Merw Şäherinde
TRT Soltan Alp Arslanyň gubyrynyň ýerleşýän ýeridir diýip çaklanylýan giňişligi ýazga aldy.