Türkmenistanyň Prezidenti Türk Geňeşiniň maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türk Geňeşiniň Stambulda geçiriljek maslahatyna gatnaşar

1668119
Türkmenistanyň Prezidenti Türk Geňeşiniň maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) 8-nji maslahatyna gatnaşar. 

Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistana sapar guran Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. 

Kabul edilşikde söz sözlän Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduny Türk dünýäsi maşgalasynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garaýandygyny, eýýäm ençeme ýyllap Türki dilli döwletler bilen doganlyk gatnaşyklarynyň içindedigini mälim etdi. 

Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Türk Geňeşiniň umumy bähbitlerindäki taslamalaryna gatnaşmaga taýardygyny belläp, Türk dünýäsinde barha artýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň öňümizdäki ýyllarda hem dowam etmegini umyt edýändigini habar berdi. 

Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlary bilen geçiren soňky gepleşikleriň üstünde durup geçen Gurbanguly Berdimuhamedow, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) 8-nji maslahatyna gatnaşjakdygyny mälim etdi. 

Türki Geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türki Geňeşiň 8-nji maslahatynyň dowam edýän taýarlyklary barada maglumat berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu maslahata gatnaşmagynyň Türk dünýäsiniň jebisligini görkezjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar