Türkmenistanda Galla Oragyna Badalga Berildi

Türkmenistanda galla hasylyny ýygnamak işleri başladyldy

1659229
Türkmenistanda Galla Oragyna Badalga Berildi

Ahal, Lebap we Mary welaýatlaryndan soň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem hasylyň bol bolmagy daýhanlary şatlandyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, daýhanlar tarapyndan uly zähmet bilen ýygnalýan hasylyň tölegleriniň wagtynda tölenmegi barada görkezme berdi.

Türkmenistanda iň köp ýetişdirilýän we sarp edilýän oba hojalyk önümleriniň biri bolan bugdaýyň ekilmeginden başlap ideg edilmegine çenli ýolagçylyk hasylyň ýygnalmagy bilen tamam bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahatda resmilerden işleriň barşy barada maglumat aldy. Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň özgerdilmegi üçin giň-gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýdan ýurdyň Döwlet baştutany, ýokary hilli tohumlar we dökünler bilen daýhanlary üpjün edýändiklerini, oba hojalyk pudagyny döwrebap tehnologiýalar we suwaryş ulgamlary bilen goldaýandyklaryny mälim etdi. Daýhanlaryň arman-ýadaman zähmet çekip eden işleriniň netijesinde şu ýyl ýurt derejesinde baý bugdaý hasylynyň ýygnalýandygyny aýdan türkmen lider, ähli daýhanlara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Şu ýyl ýurt derejesinde 690 müň gektarlyk meýdandan 1 million 400 müň bugdaý hasylynyň ýygnalmagyna garaşylýar. Daýhanlaryň tiz, ýitgisiz we baý hasyl ýygnamaklaryna kömek bermek maksady bilen 2 wagtyna işläp biljek ýagdaýda kombaýnlar bilen üpjün edildi. Oba hojalyk ulaglarynyň ýangyç we abatlaýyş işleri üçin ýörite ýerler döredildi. Oba hojalyk meýdanlaryndan 11 müň ýük ulagy bilen 156 kabul ediş nokadyndaky ammarlara bugdaý hasyly daşalar. Bugdaý hasyly Söwda ministrliginiň üsti bilen döwlet tarapyndan satyn alynar, daýhanlar salgytlardan azat ediler.


Etiketkalar: #hasyl , #bugdaý , #Türkmenistan

Degişli Habarlar