Türkmenistandan Owganystana energetika we ulag taslamalary üçin iş sapary

Türkmenistandan Owganystana energetika we ulag taslamalary bilen bagly gepleşikleri geçirmek üçin ýokary derejeli sapar guraldy

1653423
Türkmenistandan Owganystana energetika we ulag taslamalary üçin iş sapary
Türkmenistan’dan Afganistan’a Enerji ve Ulaştırma Projeleri için çalışma ziyareti 2.jpg
Türkmenistan’dan Afganistan’a Enerji ve Ulaştırma Projeleri için çalışma ziyareti 3.jpg
Türkmenistan’dan Afganistan’a Enerji ve Ulaştırma Projeleri için çalışma ziyareti 4.jpg

 

Türkmenistandan Owganystana ýokary derejeli iş sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy başda bolmak bilen, syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giň göwrümi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeler Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammed Hanif Atmaryň ýer eýeçilik etmeginde geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen birlikde iki ýurdyň umumy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan energetika, ulag, maliýe we hususy pudaklaryň wekilleri bardy.

Maslahatda sebitiň bolşy ýaly Ýewraziýanyň hem iň uly taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi (TAPI) we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji taslamasy güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary boldy. TAPI-niň türkmen bölegindäki gurluşygy tamamlandy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji taslamasy bilen Türkmenistany Owganystan bilen birleşdirjek demir ýol taslamasy hem giň gerimli dowam etdirilýär.

Gepleşikleriň barşynda şol taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýetilen sepgitler gözden geçirildi. Esasan hem şu ýylyň ilkinji ýarymynda Türkmen-Owgan serhedinden Hyrat şäherine tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygynyň başladylmagy bilen birlikde Turgundy-Hyrat demir ýol gurluşygynyň taslamasynyň netijeliligi barasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar mundan başgada Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini has hem artdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen we owgan liderleriniň gatnaşmagynda Kerki (Türkmenistan)-Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisi üstünlikli ýagdaýda işe girzildi we şol geçirijiniň üsti bilen Türkmenistandan Mazari Şerif şäherine elektrik tok ugradylmaga başlandy.



Degişli Habarlar