Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi

Bütindünýä welosiped gününde Türkmenistanda köp sanda adam welosiped sürdi

1651929
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi
Dünya Bisiklet Günü Türkmenistan’da Kutlandı 2.jpeg
Dünya Bisiklet Günü Türkmenistan’da Kutlandı 3.jpeg

2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýurtda welosiped turnirleri we ýaryşlar geçirildi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem çärä goldaw berdi.

Üç ýyl ozal BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda her ýyl 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan edilmegi barada karara gelindi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen bu ýörite günde Aşgabatda köpçülikleýin welosiped çäresi geçirildi. Çärä Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başda bolmak bilen Ministrler kabinetiniň agzalary, deputatlar, döwlet guramalarynyň we edaralarynyň işgärleri we talyplar gatnaşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi. Dostluk, parahatçylyk, sport we ynsanperwerlik ýaly beýik ýörelgeleriň bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped gününiň milli senenamada aýratyn ýeriniň bardygyny belledi. Halkyň abadançylygy we rowaçlygy bilen jemgyýetiň saglygynyň arasynda sazlaşykly bir gatnaşygyň bolandygyny aýdan türkmen lider, ykdysadyýetden bilime çenli ähli ugurlarda raýatlary ýokary durmuş ülňüleri bilen üpjün etmek üçin uly göwrümli özgertmeleri durmuşa geçirilýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem öz işgärleri we Türkiýede okaýan türkmen talyplary bilen bu çärä goşant goşdylar.  

Türkmenistanda spordyň welosiped görnüşine her kim tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Saglykly bir ýaşaýyş üçin hereket etmegiň peýdalary ýygy-ýygydan aýdylyp geçilýär we biri-birinden tapawuly sport çäreleri geçirilýär. 2021-nji Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.



Degişli Habarlar