Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy Türkmenistanyň ençeme ýerinde dabara bilen bellenilip geçildi

1646298
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi
Başkent Aşkabat’ın 140. Kuruluş Yıl Dönümü Coşkuyla kutlandı 2.jpg
Başkent Aşkabat’ın 140. Kuruluş Yıl Dönümü Coşkuyla kutlandı 3.jpg
Başkent Aşkabat’ın 140. Kuruluş Yıl Dönümü Coşkuyla kutlandı 4.jpg

Dabaranyň çäginde täze bir ýaşaýyş zolagynyň açylyşy ýerine ýetirildi. "Ak şäherim Aşgabat" atly XX halkara sergisi geçirildi. Türkmenistanda ýurdyň paýtagtynyň 140 ýyllygy bilen bagly konsertler geçirildi.

Dabaralara taýarlyk ençeme aý ozal başlapdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, paýtagt Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş zolagynda gurulan 140 sany iki gatly öýüň açylyşyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň garaşsyzlyk ýyllaryndan soň tanap bolmajak derejede üýtgändigini aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow, Aşgabady dünýäniň iň abadan şäherleriniň biri etmek üçin ölçegli maýa goýumlara üns berýändiklerini beýan etdi.

Merjen şäher Aşgabadyň baý taryha we geçmişe eýedigini aýdan türkmen lider, dünýäde ak mermerden gurulan binalaryň iň köp ýeri bolan paýtagtda gurulan ençeme döwrebap binanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini aýan etdi.

Güýçli Ata Watanymyzyň kalby bolan Aşgabady gelejekde has hem özgertmek we gözelleşdirmek üçin işleriň dowam etjekdigini aýdan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bilen tüýs ýüreginden gutlaýandygyny habar berdi.

Ondan soň bolsa Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp 140 raýata täze öýler gowşuryldy. Türkmen lider täze öýleri gözden geçirdi we öýleriň eýelerini gutlady.

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bilen baglanşykly şeýle hem "Ak şäherim Aşgabat" atly XX halkara sergisi geçirildi. Sergä gurluşyk harytlary, azyk önümleri, oba hojalyk, söwda, aragatnaşyk, logistika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň ýerli we daşary ýurtly wekilleri gatnaşdy.

Amfiteatrda konsert geçirilip, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabara bilen bellenilip geçildi.



Degişli Habarlar