19-njy maý baýramy Aşgabatda dabara bilen bellenilip geçildi

19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde dabara bilen bellenilip geçildi

1642110
19-njy maý baýramy Aşgabatda dabara bilen bellenilip geçildi
19 Mayıs Bayramı Aşkabat’ta Coşkuyla Kutlandı. (2).jpg

Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynda we Türkmen-Türk mekdebinde 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli dabara geçirildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Atatürkiň ýadygärliginiň öňünde geçirilen hatyralama çäresine Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen birlikde, Türkmenistanda iş alyp barýan guramadyr-edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Atatürkiň ýadygärligine gül desseleri goýulanyndan soň hormatly dymyşlyk edildi we Milli senan ýerine ýetirildi.

Ondan soň bolsa Türkmen-Türk mekdebine geçildi we ol ýerde Atatürkiň ýaşlara miras goýup giden bu çuň manyly gün bilen bagly dabara geçirildi. Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral dabarada çykyş etdi. Ilçi çykyşyna 19-njy maý gününiň çuňňur manysynyň düýbünde Beýik Serkerde Atatürkiň Nutuk kitabyny ýazmaga başlan mahaly belläp geçen “1919-njy ýylyň 19-njy gününde ýola çykdym” sözüniň bardygyny belledi. Nutuk kitabyny hem ýaşlara ýüzlenip tamamlandygyny we gazanylan Respublikany ýaşlara bagyş edendigini beýan etdi. Türkmen-Türk mekdebinde bu baýramçylygy belläp geçmegiň aýratyn bir artykmaçlyk bolandygyny aýdan ilçi Togan Oral myhmanlary hem 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bilen hemde Ata Watan Tükmenistanyň Konstitusiýa güni we Döwlet Baýdak baýramy bilen gutlady.

Dabara okuwçylaryň taýarlan çykyşlary we sahnalary bilen dowam etdi. 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bilen baglanşykly goşgular okaldy, mugallymlar we okuwçylar Atatürkiň halan aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkara 2-nji Aýdym-saz bäsleşiginde 2-nji bolan Reýýan Gülmeziň we Merýen Hojaýewanyň skripka we fleýta bilen ýerine ýetiren hiňleriniň ýoldaşlyk etmeginde surat sergisi geçirildi. Ondan soň bolsa okuwçylar we mugallymlar woleýbol duşuşygyny geçirdiler.



Degişli Habarlar