Aşgabatda Awtoulaglaryň Ulanylmagy Çäklendirildi

Türkmenistan daşky gurşawy goramak we adamlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin möhüm başlangyçlary iş ýüzüne geçirýär

1637896
Aşgabatda Awtoulaglaryň Ulanylmagy Çäklendirildi

Türkmen raýatlarynyň sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek we daşky gurşawy aýawly saklamak maksady bilen 25-nji maýa çenli Aşgabat şäherinde hususy awtoulaglaryň ýol hereketine çykmagy çäklendirildi. Aýratynam raýatlaryň welosiped sürmekleri höweslendirilýär.

Jemgyýetçilik ulaglary we taksiler şol çäklendirmä degişli edilmedi. Döwlet habarlar gullugynyň mälim etmegine görä daşky gurşaw meseleleriniň adamyň saglygyna zyýanly täsirleri düşündirilip, zyýanly gazlara garşy ýaşyl zolagyň dörediljekdigini habar berildi.

Ýurtda giň gerimli daşky gurşaw çärelerine aýratyn uly ähmiýet berilýär we şol çäreler her ýyl geçirilýär. Ýaşyl dünýa üçin şu ýyl guralan beýleki bir çäre bolsa Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million ýaş agaç nahallarynyň oturdylmagy boldy.



Degişli Habarlar