Türkmen we rus wekiliýetleri Kazanda gepleşikler geçirdiler

Türkmenistanyň we Russiýanyň wekiliýetleri Kazan şäherinde gepleşikler geçirdiler

1632902
Türkmen we rus wekiliýetleri Kazanda gepleşikler geçirdiler
Türkmen ve Rus Heyetleri Kazan’da Bir Araya Geldi 2.jpg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin bilen duşuşyk geçirdi.

Maslahatda çykyş eden Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin umumy taslamalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem özgertmegi maksat edinýändiklerini belledi. Global ykdysadyýetdäki tolgunmalara garamazdan söwda gatnaşyklarynyň özgerýändigini, söwda kuwwadynyň 2019-njy ýyla garanyňda 40 göterim artandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedow bolsa öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň bir aý ozal Moskwa şäherine sapar gurandygyny we 60-dan gowrak rus kärhana bilen ikitaraplaýyn şertnama baglaşylandygyny habar berdi. Russiýa bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň özgerýändigini aýdan Serdar Berdimuhamedow, geçen ýyl iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwadynyň 1 milliard 374 million dollara ýetendigini aýan etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti, Russiýanyň çakylygyna laýyklykda ilkinji gezek Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.



Degişli Habarlar