Hazarýaka Döwletleriň Sammiti Şu Ýyl Türkmenistada Geçiriler

Hazar deňizine kenary bolan ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň altynjy maslahatynyň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär

1587246
Hazarýaka Döwletleriň Sammiti Şu Ýyl Türkmenistada Geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hormatly Raşit Meredow bilen Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi wideokonferensiýa ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Hazar deňizi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşylan duşuşykda portlaryň infrastrukturasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, ulaglar we logistika bilen senagat pudaklarynda hyzmatdaşlaryň giňeldilmegi boýunça pikir alyşyldy.

BMG, GDA, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara hem-de sebitara guramalaryň düzüminde iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmek boýunça oňyn tecjribeleriniň bardygy beýan edildi.

Orta Aziýanyň we ýakyn sebitleriň potensiallaryndan has giňden peýdalanmak üçin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň degişli bolmagynda bilelikdäki başlangyçlaryň ösdürilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Özara gatnaşyklaryň  ösdürilmeginde ýokary derejeli saparlaryň möhüm ähmiýete eýedigini beýan eden ministrler ýylyň dowamynda şeýle saparlaryň guralma pursatlarynyň üstünde durup geçdiler.

Ministrler geňeşmeleriň neticesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler edarasynyň arasynda 2021-2023-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdiler.

Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Eýrandan we Azerbaýjandan ybarat bolan Hazarýaka döwletleri 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri sebitiň meselelerini çözmek üçin ýokary derejeli maslahatlar geçirýär. Birinji Hazar Ykdysady Forumy Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylda geçirilipdi.



Degişli Habarlar