TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi

1546086
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky missiýalaryň hem-de konsullyk edaralarynyň baştutanlary gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň diplomatik korpusyna beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de türkmen diplomatlary döwlet baştutanynyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şaherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň iş üstünde durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garadylar. (mfa.gov.tm)



Degişli Habarlar