DIM-de saglygy goraýyş ulgamynda halkara  hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

1503704
DIM-de saglygy goraýyş ulgamynda halkara  hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi. 

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingi açyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Öz çykyşylarynyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Milli immunizasiýa maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary görkezijilerini beýan etdi. Ol «ýurtda durnukly maliýeleşdirmegiň köp ýyllyk tejribesi immunizasiýanyň kuwwatly ulgamyny kemala getirmäge ýardam etdi», diýip nygtady.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand Türkmenistan bilen saglygy goraýyş, hususan-da çagalaryň saglygyny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ýokary berdi. Hanym Weýgand «Türkmenistan ählumumy waksinasiýa derejesiniň saklanylmagy boýunça sebitde we dünýäde öňdeligi eýeleýändir» diýip aýtdy. 

Özüniň çykyşynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hanym Paulina Karwowska Türkmenistanyň BSGG, şeýle-de beýleki halkara hyzmatdaşlary we donorlary bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligini belläp geçdi.  

Bu temany Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso dowam etmek bilen, Brýusseliň saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini we global pandemiýa şertlerinde saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň öňüni alyş meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini goldaýandygyny belläp geçdi.  

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa «Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda üznüksiz we giň gerimli işleri alyp barmak hem-de ilatyň saglygyny goramak ugrunda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli ulanylmagy arkaly soňky ýyllaryň içinde ähmiýetli görkezijileri gazanandygyny» nygtady. 

Türkmenistanyň Hökümeti ilatyň immunizasiýasynyň maliýeleşdirilmegini ähmiýetli derejede ýokarlandyrdy. Bu ugurda Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu ugurda ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen özarahatnaşyklary milli derejede Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek çarçuwasynda saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy ulgamyndaky hereketleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalaryň we meýilnamalaryň netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.  

Çäräniň dowamynda şeýle-de “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF-iň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” gol çekmek dabarasy geçirildi.

Nobatdaky resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň tarapyndan -  ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand gol çekdiler. (mfa.gov.tm)



Degişli Habarlar