Aşgabat BSG-niň we ÝUNISEF-iň Brifingi Geçirildi

Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri Üçin Pandemiýanyň Öňüni Alyş Çärelerı Boýunça Netijeli Maglumat Alyş-Çalşygyny Üpjün Etmek Barada Bilelikdäki Brifingi Geçirildi

1463365
Aşgabat BSG-niň we ÝUNISEF-iň Brifingi Geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska bilen ÝUNISEF-iň wekili Kristina Weýgand dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adamlaryň saglygyny gorap saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy aýratyn nygtaldy, bu bolsa häzirki COVID-19 pandemiýasy döwründe aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýandyr. Şeýle hem şahsy arassaçylyk düzgünleri we hapalanan howanyň ýaramaz täsirinden goranmak ýaly meseleleri halkyň içinde wagyz etmek işlerine aýratyn üns berildi.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagyna ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar. Şeýle-de döwlet Baştutany tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýändigi hem bellenilip geçildi.

Brifingiň ahyrynda çökgünli ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy. Çärä gatnaşyjylar durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler.

 



Degişli Habarlar