«Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça dialogyň mejlisi geçirildi

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň çäklerindäki nobatdaky mejlis geçirildi

1439522
«Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça dialogyň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň çäklerindäki nobatdaky mejlis geçirildi

Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Daşary işler we beýlekileriň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.   

Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň ýolbaşçysy we wekilleri, şonuň ýaly-da Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy wekilçilik etdiler.   

Duşuşygyň barşynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri ýaly ugurlar, şonuň ýaly-da «COVID-19» pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy boýunça taraplaryň özarehereketleriniň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Onlaýn duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar şonuň ýaly-da, halkara hem-de ýerli resminamalaryň, hususan-da Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasynyň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilmeginiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem dialogyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň köptaraplaýyn forumlaryň hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça hem pikirlerini beýan etdiler.

«Türkmenistan – ÝB» dialogynyň geçirilen bu mejlisi taraplaryň köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ygrarlydyklarynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandyr. (mfa.gov.tm)



Degişli Habarlar