ANKARA ŞÄHERINDE BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähinde welosiped ýörişi geçirildi

1430822
ANKARA ŞÄHERINDE BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
TKM 2.jpeg
TKM 3.jpeg

Köpçülikleýin welosiped ýörişine Ilçihananyň işgärleri, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary, Ankara şäher häkimliginiň wekilleri Häkimligiň parklar boýunça müdirliginiň ýolbaşçylary, Anadolu habar agentliginiň we TRT döwlet teleradiokompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Agzalan sport çäresi Türkiýäniň paýtagtynda iň görnükli seýilgähleriň biri bolan “Türkmenistan” seýilgähinde guraldy. Çäräniň dowamynda bu ýerde ýerleşdirilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde ýadygärlik suratlara düşüldi.

Dabarnyň başynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Işanguly Amanlyýew çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň liderliginde Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler, gurulýan halkara standartlara laýyk gelýän sport desgalary, ýurdumyzda geçirilýän halkara sport bäsleşikleri we çäreleri, bularyň netijesinde türkmen sportunyň milli we halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri hem-de öňümizdäki döwürde paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara sport bäsleşikleri barada beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň başlangyjy bilen “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi we her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde dabaralanýandygy bellenip geçildi.

Halkara welosiped güni mynasybetli geçirilen çäre “Türkmenistan” seýilgähiniň içinde welosiped ýörişi bilen dowam etdi. Onuň dowamynda welosiped sürüjiler jemi 10 kilometr ýol geçip, ýörişi seýilgähiň merkezinde ýerleşýän meşhur türkmen akyldary, filosof şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanynda tamamladylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür edildi. Sport çäresine gatnaşyjylar welosiped sportunyň adam saglygyna peýdaly bolup durýandygyny nygtamak bilen, Halkara welosiped gününi döretmek barada başlangyjy öňe süren Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentine uly hoşallyk bildirdiler.

 



Degişli Habarlar