Türkmenistanda halkara fotosergi we maslahat geçirildi

Türkmenistanda Bitaraplagyň 25 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany" atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi

1417920
Türkmenistanda halkara fotosergi we maslahat geçirildi

Türkmenistanda Bitaraplagyň 25 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany" atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen sergide, ýerli we daşary ýurtly fotosuratçylaryň ýurdyň medeniýet we tebigy gözelliklerini görkezýän suratlar sergilendi. 

Çäre daşary ýurtly suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň gatnaşmagyndaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahat bilen dowam etdi. 

Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynda kabul edilen karar bilen Baky Bitaraplyk statusy berildi. 

Türkmenistanda Bitaraplyk, döwletiň iň möhüm ýörelgelerinden biri hökmünde kabul edilýär, daşary syýasat hem bu statusa görä kesgitlenýär. 

Şol sebäpli Türkmenistan howpsyzlyk we harby häsýetli hyzmatdaşlyklara goşulmaýar, öz territoriýasynda daşary ýurtlaryň harby bazalar gurmagyna ýa-da territoriýasynyň daşary ýurtly güýçler tarapyndan ulanylmagyna rugsat bermeýär we Bitaraplyk statusyna zyýan ýetirjek syýasatlardan uzak durýar. 



Degişli Habarlar