Ankarada Baky Bitaraplygyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Wideokonferensiýa Geçirildi

Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we 2020 “Türkmenistan-Bitaraplygyň Diýary” Ýyly Mynasybetli Wideokonferensiýa Usuly Bilen Maslahat Geçirildi

1407105
Ankarada Baky Bitaraplygyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Wideokonferensiýa Geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Stambuldaky Başkonsullygynyň gatnaşmagynda Ilçihananyň binasynda Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we 2020 “Türkmenistan-Bitaraplygyň Diýary” Ýyly Mynasybetli Wideokonferensiýa Usuly Bilen Maslahat Geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew we Stambuldaky Başkonsuly Myratgeldi Seýitmämmedow, Türkiýäniň Strategik Düşünje İnstitutynyň başlygy Muhammet Sawaş Kafkasýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Adem Kula, Sahipkyran Strategik Barlaglar merkeziniň baş hünärmeni Jesurhan Taş, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we Stambuldaky Başkonsullygynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wideokonferensiýa usulyndaky maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň Diýary” ýyly diýip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin beýan edildi. Aýratynam Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, halkara hem-de sebitleýin durnuklylygy berkitmekdäki goşandy, sebitleýin we global parahatçylyk hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde BMG we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlyk ugurlary seljerilip, Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ähmiýeti nygtaldy.

Maslahata gatnaşanlar çykyşlarynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi goldamak üçin halkara gural wezipesini berjaý edýändigini beýan etdiler.

Wideokonferensiýanyň dowamynda onuň aly hezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly eserleri hakynda-da söhbet edildi. Esasanda golaýda TÜRKSOÝ we Türkmenistanyň Türkiýe Respublikassyndaky Ilçihanasy tarapyndan türk dilinde çap edilen Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysynyň “Atda wepa-da bar, Sapa-da bar” atly kitaby tanyşdyryldy.

Ilçihana tarapyndan geçirilen maslahat gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.



Degişli Habarlar