Türkmenistanyň Bitaraplagynyň şanly 25 ýyllygy Stambul şäherinde bellenilip geçildi

Maslahatda Türkmenistana berlen Bitaraplyk statusynyň taryhy we ähmiýeti gürrüň berildi

1360029
Türkmenistanyň Bitaraplagynyň şanly 25 ýyllygy Stambul şäherinde bellenilip geçildi

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Başkonsullygy tarapyndan 2020-njy ýylyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasibetli maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Başkonsuly Myratgeldi Seýitmämmedowyň ýolbaşçylygynda Türk dünýäsiniň Medeniýet mähellesi merkezinde geçirlen maslahatda, BMG tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistana berlen Bitaraplyk statusynyň taryhy we ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakda orny, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berildi.

Türkmenistanyň tanyşdyrylyş wideosynyň görkezilmegi bilen başlan maslahatda söz sözlän Başkonsul Myratgeldi Seýitmämmedow, Türkmenistana berlen baky bitaraplyk statusynyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda  gurama agza 185 ýurt tarapyndan tassyklanandygyny ýatlatdy.

Kararyň Türkmenistanyň sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen birlikde dünýa ýurtlary bilen özarabähbide laýlyklykda parahatçylykly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly rol oýnandygyny nygtan Seýitmämmedow “Bu karar halkara gatnaşyklar taryhynda bitaraplyk ýörelgesine degişli ilkinji resminama boldy. Karar Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylykly maksatly syýasatynyň dünýa ýurtlary tarapyndan goldanýandygynyň we kabul edilýändiginiň görkezijisidir” diýdi.

Maslahatdan soň Türk dünýäsiniň medeniýet mähellesinde gurlan çadyrda maslahata gatnaşyjylara türkmen palawy hödürlendi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar