Ankarada “Türkmenistan–Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi

Ankarada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi

Ankarada “Türkmenistan–Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplagynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň "Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany" ýyly diýlip yglan eedilmegi mynasybetli hem-de 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreler barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat bermek maksady bilen brifing geçirildi.

Brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçyn Topçu,  Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, Palatalar we biržalar birleşiginiň daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Türkiýäniň Mejlisiniň käbir deputatlary, şeýle-de Türkiýäniň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet gullugynyň (TRT) Halkara gatnaşyklary müdirliginiň ýolbaşçylary we “Anadolu Ajansy”, “Dünya” gazetiniň şeýle hem birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň başynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumuzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylary görkezildi.

Metbugat maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakda orny, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berildi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.

Ilçihana tarapyndan geçirilen brifing köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretmek bilen, çäre bilen bagly birnäçe ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar we ýörite teswirler ýerleşdirildi.



Degişli Habarlar