Stambulda türkmenistanlylaryň futbol turniri geçirildi

Türkmenistanly futbolçylar Türkiýede “Atawatan Kubogy” ugrunda bäsleşdiler

Stambulda türkmenistanlylaryň futbol turniri geçirildi
1.jpg
2.jpg

“Türkmenistanlylaryň Raýdaşlyk” jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk Baýramy mynasybetli guralan futbol turniri tamamlandy. 16 komandanyň gatnaşmagynda guralan futbol bäsleşigi 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Stambul şäherinde geçirildi.

“Atawatan Kubogy” eýesine gowşuryldy

Turnir ilki 4 topar görnüşinde 16 komandanyň arasynda geçirilen we jemi 24 bäsleşikden ybarat seçip-alyç bäsleşikleri bilen başlady. Şol komandalaryň 8 sanysynyň çärýek finala çykmagy netijesinde turnire tomaşa etmäge gelenler we 180-e golaý futbolçynyň arasyndaky tolgunma barha güýçlendi. Çärýek final bäsleşiklerinden soň “Goşun” we “Saglyk” komandalary 3-njilik üçin dalaş eden bolsa, “Dostluk” we “Wodnik” komandalary finala çykdylar. “Goşun” we “Saglyk” komandalary deňe-deň oýnap, üçünjiligi bölüşdiler.

Çempion “Wodnik”

Turniriň iň bir tolgundyryjy pursady gelip ýetýär. “Dostluk” we “Wodnik” komandarlarynyň arasyndaky bäsleşik başlaýar. Finala çykan iki komanda hem iňňän güýçli we bäsleşik çekeleşikli dowam edýär. Bäsleşigiň ýeňijisi “Wodnik” bolýar  we “Atawatan Kubogyna” laýyk bolýar. Netije 1-4.

Dabara Guraldy

Final bäsleşiginden soň baýrak gowşurlyş dabarasy geçirilýär. Türkiýede bilim alýan we Baha bilen eden dueti bilen “Ýylyň dueti” baýragyna laýyk görülen türkmenistanly aýdymçy, “Türkmenstanlylaryň Arkalaşyk” jemgyýetiniň Dolandyryjylar geneşiniň agzasy Çynaranyň we jemgyýetiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çempion komanda “Atawatan Kubogy” gowşuryldy. “Wekilçilikli altyn medal”, “Şahadatnama” we hormat hatlary bilen bilelikde çempion komanda 1500 Türk lirasy pul sylagy gowşuryldy.

Baýrak gowşurlyş dabarasynda 2-nji orny eýelän komanda 1000 Lira pul barýagy, wekilçilikli kümüş medal, Şahadatnama we hormat hatlary, üçünji orny eýelän komandalaryň her haýsyna 500 lira pul baýragy, wekilçilikli kümüş medal, Şahadatnama we hormat haty gowşuryldy.

“Türkmenistanlylaryň Raýdaşlyk” jemgyýetiniň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dr.Döwran Orazgylyjow jemgyýete goşan goşandy mynasybetli Çynara hormat hatyny gowşurdy. Jemgyýetiň adyndan turniriň üstünlikli geçmegine goşant goşan emin agzalaryna, meýdançanyň gullukçylaryna we beýleki ýolbaşçylara hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda myhmanlara türkmen tagamlary hödür edildi.



Degişli Habarlar