AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary T.Molçan, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Ilkibaşda gepleşikler dar düzümde geçirildi, onuň barşynda mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar şu ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdiler, şeýle hem abraýly halkara edaralarynyň çekilmegi bilen syýasy-diplomatik gepleşikleriň ösdürilmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny aýratyn nygtadylar.

Soňra giňişleýin düzümdäki mejlis dowam etdirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özarahereketlere, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginiň meselelerine aýratyn ýagdaýda seredilip geçildi. Taraplar utgaşykly hereketler arkaly syýasy hem-de ykdysady integrasiýanyň gazanylyp bolýandygy, häzirki döwrüň wehimlerine öz wagtynda täsir edip bolýandygy baradaky pikire geldiler.   

GDA-nyň Daşary işler ministrleri şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp 2020-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek çärelere hem gatnaşmaga çagyryldy.

GDA-nyň Daşary işler ministrlerleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça  «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hakynda», «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesi hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrlerleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda» we «GDA ýurtlarynyň arasynda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hakynda» çözgütlere gol çekildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň metbugata ýüzlenmesi geçirildi. GDA gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrlerleriniň Geňeşiniň mejlisiniň açyk hem-de işjeň ýagdaýda geçirilendigi we onuň dowamynda oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenilip geçildi.



Degişli Habarlar