Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

1255012
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Onda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümindäki edaralaryň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde güýzlük bugdaý ekişine we «ak altyn» hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak işleriň, şol sanda sanly ulgamlary ornaşdyrmak arkaly tehniki taýdan hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Ekerançylary tohum bilen üpjün etmegiň meseleleri hasabatyň esasyny düzdi.

Şeýle hem oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri uzak möhletli peýdalanmaga berlen ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň alyp barýan işleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Ministrlige degişli bolan taýýar oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen kärhanalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynyň düzgünlerinden ugur alnyp, gök we miwe önümlerini sowadyjy ammarlarda saklamak üçin kabul etmäge taýýarlyk görmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlara, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyrynyň ýetişdirilýän meýdanlaryna ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk işleri alnyp barlanda, agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmegiň bereketli hasyly almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Meýilleşdirilen ähli çäreler bellenen möhletinde we ýokary derejede ýerine ýetirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin işleriň barşyny, tehnikalar bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem daýhanlaryň çeken zähmetine öz wagtynda töleg geçirilmegini üpjün edip, olar bilen özara hasaplaşyklaryň meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýjileriň we hyzmat ediş düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy öňde durýan işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine hem-de munuň üçin zerur bolan ähli çäreleriň görülmegine aýratyn üns bermek tabşyryldy.

Döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri içerki azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Häzir ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan ösüş baradaky kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek işlerini üstünlikli alyp barmaga, döwletimiziň eksport babatdaky eýeleýän ýörelgelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ýokary hilli önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň edaralarynyň öňünde ileri tutulýan wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň ähli kadalaryny nazara almak bilen, suwdan rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça ylmy esasda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dag çeşmeleriniň suw gorlaryny rejeli peýdalanmak maksady bilen görülýän anyk çäreler hasabatyň esasyny düzdi. Şunda taslama resminamalary düzülende, ekologiýa we ylmy çemeleşmeler boýunça hereket edýän ölçegleri berjaý etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan suw howdanlarynda we beýleki suw desgalarynda, şol sanda dag içindäki suw ýygnanýan ýerlerde, şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölünde ýeterlik suw gorlarynyň bardygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, bu işleri mundan beýläk-de ylmy esasda dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan suw gorlaryny netijeli peýdalanmak, suwaryş ulgamlarynyň işini ylmy esasda kämilleşdirmek we pudaga täzeçil tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekin meýdanlaryny degişli derejede suw bilen üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu işe jogapkärli çemeleşmeli diýip, milli Liderimiz ekologiýa deňagramlylygyny saklamak boýunça ähli talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde daşky gurşawy goramagyň, baý biologik köpdürlüligi, şol sanda suw gorlaryny möçber we hil taýdan artdyrmagyň tebigaty goramak babatda milli maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Esasy maksady ýurdumyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek bolup durýan uzak möhletleýin maksatnamanyň çäklerinde häzir ýurdumyzda şäherleriň we ilatly ýerleriň töwereginde gök zolaklary döretmegi göz öňünde tutýan giň gerimli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda ekologiýanyň gowulanmagy, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi howanyň arassalygyny we çyglylygyny artdyrmaga, adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin amatly gurşawy döretmäge, netijede, hem suw gorlaryny köpeltmäge ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Suw serişdelerini milli derejede dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler suw gorlaryny artdyrmaga ýardam edýär. Milli Liderimiz bu babatda her bir sebitiň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, bu ugurda ylmy esasda işleri dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, şu wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýyny barlamak maksady bilen welaýatlar boýunça guralan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmek ýokary depginde dowam edýär. Ekerançylar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikalary taýýarlyk hatarynda goýuldy.

Wise-premýer şu günler gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň toplumlaýyn alnyp barylýandygy hem-de pagta hasylyny ýygnamaga taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Bu babatda meýilnamadaky görkezijileriň gazanylmagy üçin ýurdumyzyň sebitlerinde degişli işler geçirildi. Ýokary öndürijilikli kombaýnlar hem-de ýük awtoulaglary we tirkegli traktorlar «ak altyn» möwsüminiň takyk depginini üpjün eder. Kabul ediş bölümleri hem-de pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Şolaryň ýanynda pagtanyň hilini barlamak üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalar ýerleşýär.

Şeýle hem maldarçylyk toplumlarynyň gyş möwsümine taýýarlanylyşy barada habar berildi, şolarda iri we ownuk şahly mallary saklamak üçin degişli işler geçirildi. Wise-premýer hasabatyň çäklerinde at çapyşyklarynyň güýzki möwsümini guramak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «ak altyn» möwsümini geçirmegiň meselelerine ünsi çekip, öňde boljak oba hojalyk möwsümi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Güýzlük bugdaýyň ekişi hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin uly jogapkärli synaga öwrüler diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine şu günden zähmet rugsadynyň berilýändigini belläp, wise-premýere sebitleriň ýolbaşçylarynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň üstüne ýüklemegi hem-de olaryň ýerlerdäki işleri bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň halkymyzyň baý atçylyk däplerini has-da ösdürmäge, milli buýsanjymyz bolan, asyrlaryň dowamynda şöhratlanan ahalteke bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şu ýyl güýzki at çapyşyklaryny sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde başlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz 7-nji sentýabrda ýetginjekleriň arasynda, 8-ine bolsa çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymy möwsümine başlamaga ak pata bermegini haýyş edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlendi.

Sebitlerdäki işleriň ýagdaýyny ýene-de bir gezek seljerip, öňdäki jogapkärli möwsümleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu meselä şu aýyň ahyrynda garaljakdygyny nygtap, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňky döwürde häzirki zaman awtobuslaryny we beýleki ýolagçy ulaglaryny satyn almagyň hasabyna agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Pudagyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Işleriň talabalaýyk derejede ösdürilmegine yzygiderli ähmiýet berilýändigine garamazdan, häzirki tomus möwsüminde şäher awtobuslarynyň bökdençsiz hereket etmeginiň ünsden düşürilýändigini tassyklaýan anyk maglumatlar bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýlelikde, şu tomus möwsüminde jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi boýunça bellenilen tertipnamalarynyň bozulan ýagdaýlarynyň bolandygyny belläp, milli Liderimiz bu işleriň günübirin düzedilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň başlaýandygyny nazara alyp, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň bilim edaralaryna öz wagtynda baryp bilmegi üçin awtobuslaryň hereketinde hiç hili bökdençligiň ýüze çykmazlygy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Jemgyýetçilik ulaglarynda edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň halkara ülňülere laýyk gelmegi berk talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde paýtagtymyzda giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, gurluşyk kompaniýalarynyň işgärlerini gatnatmak üçin ýöriteleşdirilen ulaglaryň bolmalydygyny ýa-da degişli şertnamalary baglaşyp, şolara awtobuslary kärendä bermek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we topluma täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny aýdyp, şolaryň maksadalaýyk peýdalanylmagyny, aýratyn-da, degişli tehniki toparlaryň bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligini yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygar astynda geçýän ýylymyzda halkymyzyň mundan beýläk-de bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar