Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Döwlet Baştutany Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ibermek barada Buýruga gol çekdi

1239718
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy. (TDH)



Degişli Habarlar