Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagyna jogap hatyny iberdi

1228433
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan we dünýäde ilkinji zawod bolan täze senagat toplumynyň açylyş dabarasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 28-nji iýunda geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli guralan dabarada Ýaponiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň adyndan onuň iberen gutlag hatyny bu ýurduň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki okady.

Özüniň jogap hatynda döwlet Baştutanymyz däp bolan dostlukly, birek-birege ynanyşmak we netijeli döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny we onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde ösdürilýändigini aýratyn belledi.

Biziň ýurtlarymyz uzak möhletleýin esasda giň ugurlar boýunça ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýär. Öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan netijeli işleri, olaryň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi esasy ugur edinýän Türkmenistanda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Täze kärhananyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem jogap hatynda ýapon tarapynyň çakylygy boýunça Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin günüň dogýan ýurdy — Ýaponiýa baryp görjekdigini habar berdi.

Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda aýdan sözleri üçin premýer-ministr Sindzo Abe minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly we möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi. Milli Liderimiz jogap hatynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribä we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanmak arkaly, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon gatnaşyklary anyk netijeleri esasy ugur edinýän deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny bellemeli.

2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi sapary we 2015-nji ýylda ýokary derejedäki özara saparlaryň guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm tapgyry emele getirýär. Olaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar toplumy däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi we onuň üstüni ýetirdi.

Munuň özi netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Yzygiderli esasda geçirilýän işewür duşuşyklar, forumlar, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisleri geljegi nazarlaýan gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle ugurlaryň hatarynda senagat pudagy, hususan-da, gaz we himiýa senagatlary, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar.

Şeýle hem bilim we ylym ulgamlaryndaky ynsanperwer ugur boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Şunlukda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyna, medeniýet we sungat ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berilýär. Sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň uçarlarynyň amala aşyrýan ugurlarynyň üstüniň täze ugur bilen ýetirilendigini bellemeli. Bu ugur Aşgabat bilen Tokiony baglanyşdyran halkara gatnawdyr. Munuň özi hemmetaraplaýyn esasda iki dostlukly ýurduň we halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşýandygyny alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ugruny açyp, ykdysady bähbitlere, döwlet ösüşiniň we umumy abadançylygyň ileri tutulýan maksatlaryna laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklara bolan ikitaraplaýyn ygrarlylygy has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. (TDH)



Degişli Habarlar