Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

"Buşuň maşgala agzalary Siziň kakam hakyndaky ýakymly ýatlamalaryňyz üçin minnetdardyr"

1124822
Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

 

 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Men we meniň ýanýoldaşym Size iberen hatyňyz üçin hoşallyk bildirýäris. Buşuň maşgala agzalary Siziň kakam hakyndaky ýakymly ýatlamalaryňyz üçin minnetdardyr.

Jorj H.Buş beýik adamdy, göreldeli atady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň beýik Prezidenti adyna eýe boldy. Ol bize her günüň ähli pursatlaryny doly derejede peýdalanmakda, jemgyýetçilik işini şahsy bähbidiňden ýokary tutmakda şahsy görelde boldy.

Biz uly Jorj Buşuň ýaşan ömrüni guwançly ýatlaýarys we Siziň iberen gynanç hatyňyzy uly gymmatlyk hökmünde kabul edýäris.

Hormatlamak bilen
Jorj Buş

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende ägirt uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagt, Siziň dostlukly halkyňyza bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Jenap Prezident, gadyrly doganym!

Hoşniýetli ýörelgelere beslenip gelen Täze ýylda Size we tutuş türkmen halkyna uly üstünlikler, beýik ýeňişler ähli umyt arzuwlaryňyzyň amala aşmagyny arzuw edýärin.

Şeýle hem Beýik Biribardan Täze ýylda biziň dostlukly halklarymyza we dünýäniň ähli döwletlerine parahatçylyk, adabançylyk we gülläp ösüş eçilmegini dileg edýärin.

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Abdel Fattah Al-Sisi, 
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Mohammed VI, 
Marokkonyň Patyşasy

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Size berk jan saglyk, bagt, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ibermek mende şatlyk duýgusyny döredýär.

Goý 2019-njy ýyl tutuş dünýä ýurtlary üçin parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň ýylyna öwrülsin!

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynanýaryn.

Fahad Al-Said, 
Oman Soltanlygynyň Premýer-ministriniň orunbasary



Degişli Habarlar