Türkmen Liderine ABU-nyň Güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Türkmen Liderine sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin ABU-nyň Güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy

1062775
Türkmen Liderine ABU-nyň Güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Duşuşyk tamamlanandan soň, Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.

ABU-nyň Baş sekretaryna söz berildi, ol milli Liderimizi we ýygnananlaryň hemmesini Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň ak mermerli türkmen paýtagty Aşgabatda öz işine başlamagy bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, jenap Jawad Mottagi döwlet Baştutanymyza bu forumyň geçirilmegine uly gyzyklanma bildirendigi hem-de onuň guralmagyna goldaw berendigi, iň amatly şertleriň döredilendigi we myhmansöýerlik üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda media ulgamynda abraýly halkara gurama bolan ABU-nyň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmegi, ozaly bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilýän parahatçylyk söýüji syýasat, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berilýän yzygiderli goldaw bilen şertlendirilendir. Aziýanyň göwheri ajaýyp Aşgabat foruma gatnaşyjylary gözelligi bilen haýran galdyrdy, olar häzirki zaman maglumat-habar beriş tehnologiýalarynyň nusgalyk ulgamlarynyň döredilmeginiň şaýatlary boldular. Munuň özi Türkmenistanyň geljekde hem bu ulgamda üstünlikli ösjekdigini hem-de kämilleşjekdigini, dünýä media giňişligine goşulyşýandygynyň subutnamasydyr.

Jenap Jawad Mottaginiň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmekde bitiren ägirt uly hyzmatlary üçin Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikleri birleşiginiň Güwänamasyny gowşurmak özi üçin uly mertebedir.

Milli Liderimiz, ilki bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge ýurdumyzyň goşan goşandy üçin, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Güwänamasyny, baýragyny we ýadygärlik nyşanyny gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu halkara sylaglary teleradiogepleşikler babatda biziň tagallalarymyzyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň şaýadydygyny, ýurdumyza ynamyň we gazanan üstünliklerimiziň ykrar edilmeginiň nyşanydygyny belledi. Häzirki döwürde biz Garaşsyz Watanymyzda teleradiogepleşikler ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berýäris. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli täzeleýäris. Şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite maksatnamalary durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Mundan başga-da, biz ilkinji «Türkmen Älem 52°E» milli aragatnaşyk hemramyzy uçurdyk. Bu bolsa teleradiogepleşikler ulgamynda edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi. Biz beýleki ýurtlar, dünýä täzelikler agentlikleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy hem işjeň alyp barýarys.

Garaşsyz Watanymyz indi halkara derejede maslahatlaryň we dürli okuwlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu çäreler özara tejribe alyşmaga ýardam berýär. Bilelikdäki döredijilik taslamalary babatda iň gowy tejribeleri we pikirleri seljermek üçin esas bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ine, şu günler hem gözel paýtagtymyzda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi geçirilýär. Bu mejlisiň üstünlikli geçirilmeginiň Bitarap döwletimiziň netijeli halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygynyň we açykdygynyň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlara ýüzlenip, döwletimiziň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda alnyp barylýan işleriň ykrar edilýändigi hem-de goldanýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, berk jan saglyk we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)


Etiketkalar: #türkmen , #lider , #baýrak , #nyşan

Degişli Habarlar