Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si

Ir bi­len Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan çy­kyp, py­ýa­dalap, paý­tag­ty­my­zyň Ru­hy­ýet köş­gü­ne gel­di.

1056764
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si

Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­len umu­mymil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne türk­men döw­le­ti­ni we jem­gy­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň, esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, uzak ­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň yg­ty­bar­ly esa­sy­ny goý­jak oňyn öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri gi­ri­zil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da hem-de umu­my­lyk­da yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da, mil­le­tiň baý ta­ry­hy dur­mu­şy­na esas­la­nyp, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň üz­nük­siz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ga­dym­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ne, saý­la­nyp al­nan pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na yg­rar­ly­ly­gy özün­de jem­le­ýär.

Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan çy­kyp, py­ýa­dalap, paý­tag­ty­my­zyň Ru­hy­ýet köş­gü­ne gel­di.

...Ru­hy­ýet köş­gün­de be­lent da­ba­ra­ly­lyk, äh­lu­mu­my je­bis­lik we ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýy äş­gär du­ýul­ýar, bu ýe­re ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar ýyg­nan­dy­lar.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar ör tu­rup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­ýar­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sah­na çyk­ýar hem-de köp ­san­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar we fo­ru­myň myh­man­la­ry bi­len mä­hir­li sa­lam­laş­ýar. Mas­la­hat hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­tin­de de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, mä­lim bol­şy ýa­ly, biz we­kil­çi­lik­li halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň örän mö­hüm eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­dük di­ýip bel­le­di. Bu baş­lan­gyç ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň Mas­la­ha­tyn­da do­ly gol­dan­yldy. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­ky Kons­ti­tu­sion Ka­nu­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar we ka­bul et­di­ler.

Şu gün, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýy­lyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň no­bat­da­ky baý­ra­my­nyň öň­ ýa­nyn­da biz jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň has mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ne ýyg­nan­dyk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Şu gün­ki mej­li­se Halk Mas­la­ha­ty­nyň saý­la­nan ag­za­la­ry, döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň hem-de şä­her­le­riň hä­kim­le­ri, da­şa­ry ýurt döw­let­le­rin­dä­ki il­çi­le­ri­miz, il için­de ta­nal­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem-de ça­gy­ry­lan adam­lar gat­naş­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Da­ba­ra­ly pur­sat ge­lip ýet­ýär: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar, umu­my­mil­li mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar onuň söz­le­ri­ni ag­zy­bir­lik bi­len alyp gö­ter­ýär­ler.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň Halk Mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­li­gi­niň bo­lan­dy­gy­ny bel­läp, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­ler we res­mi­na­ma­lar bo­ýun­ça tek­lip­le­riň ýa-da bel­lik­le­riň bar­ly­gy ýa-da ýok­lu­gy bi­len gy­zyk­lan­dy.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy we ma­kul­la­ma­gy bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­la­nan­dy­gy­ny yg­lan et­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de uly mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­kyş et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, şu gün ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da giň­den bel­le­nil­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öň ­ýa­nyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­ýä­ris di­ýip bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy mer­da­na hal­ky­myz we dün­ýä bi­le­le­şi­gi üçin örän äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, be­lent yn­san­per­wer däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mä­ge şert dö­ret­di.

1991-nji ýyl­da mu­kad­des ýa­şyl Baý­da­gy­myz we mil­li ag­zy­bir­li­gi­miz bi­len, döw­le­ti­miz hem-de jem­gy­ýe­ti­miz üçin düýp­li öz­gert­me­le­riň tä­ze döw­ri baş­lan­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň res­mi hu­kuk de­re­je­si we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry hök­mün­de bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny ka­bul et­mek ba­ra­da yk­bal kes­git­leý­ji ka­ra­ra ge­lin­di.

Dün­ýä tej­ri­be­sin­de türk­men bi­ta­rap­ly­gy äh­lu­mu­my ösüş ýol­la­ry­ny üýt­get­me­giň has amat­ly nus­ga­sy­ny tek­lip et­di, hyz­mat­daş­ly­gyň we äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy ga­zan­ma­gyň tä­ze kon­sep­si­ýa­sy­nyň bin­ýa­dy­na öw­rül­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da bi­ra­gyz­dan gol­dan we ka­bul eden Re­zol­ýu­si­ýa­syn­da mil­let­ler bi­le­le­şi­gi «Türk­me­nis­ta­nyň yg­lan eden he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny yk­rar ed­ýär we gol­da­ýar» diý­lip bel­len­ýär.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­na dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu sy­ýa­sat mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we yn­san­per­wer­lik ka­da­la­ry­na, köpasyr­lyk ösü­şi­niň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne hem-de mil­li däp-des­sur­la­ry­na da­ýan­ýar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny sö­zü­ni do­wam et­di. Bu sy­ýa­sat äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Ne­ti­je­de, ber­ka­rar döw­le­ti­miz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r­da yk­rar edi­len sy­ýa­sy-hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu bol­sa dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ýag­daý­dyr di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Şol döw­rüň örän çyl­şy­rym­ly öw­rü­li­şik pur­sa­dyn­da Türk­me­nis­ta­nyň saý­lap alan ýo­lu­nyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry gör­kez­di.

Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly ma­kul­lan­dy we gol­daw tap­dy. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze ýol­la­ry aç­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa, açyk­ly­gy we Mer­ke­zi Azi­ýa­da howp­suz­ly­gy ke­pil­len­dir­ýän yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rü­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu dö­wür­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da aý­dyp, ýur­du­my­zy ag­rar ül­ke­den se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan ägirt uly iş­le­ri bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bu yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly­dyr we «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ra esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di, äh­li ugur­lar­da düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ril­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, onuň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge örän köp ma­ýa go­ýum­la­ry, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di.

Ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ge­ri­mi­ne ba­ha ber­mek üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bir­nä­çe my­sal­la­ry ge­tir­di. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýy­ly­nyň için­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze goý­lan esa­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 350 es­se­den hem köp art­dy we 500 mil­liard ma­na­da ýa-da 185 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý bol­dy. Mu­nuň 68 gö­te­ri­mi, ýag­ny 335 mil­liard ma­na­da ýa-da 124 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­la­ýy önüm­çi­lik pu­da­gy­na gö­nük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler bi­ze 2600-den hem köp önüm­çi­lik-teh­ni­ki we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ry gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da köp pu­dak­ly yk­dy­sa­dy­ýet dö­re­dil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz dür­li ugur­la­ry — elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy, ne­bit­gaz, ma­şyn­gur­lu­şyk, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, elekt­ron, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty pu­dak­la­ry­ny hem-de beý­le­ki se­na­gat pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy.

Or­ta we ki­çi hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy 68 gö­te­ri­me ýet­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.

Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy hem ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu gir­de­ji­ler gy­şar­nyk­syz art­ýar. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, biz al­ýan gir­de­ji­le­ri­mi­zi şu mak­sa­da gö­nük­dir­ýä­ris. Zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry, döw­let kö­mek pul­la­ry­ny we ta­lyp hak­la­ry­ny her ýyl 10 gö­te­rim kö­peld­ýä­ris.

Mun­dan baş­ga-da, Döw­let býu­je­tin­den goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi­ne gö­nük­dir­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýer­leş­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, on­lar­ça döw­let­de, şol san­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Be­la­rus, Gyr­gyz, Tür­ki­ýe hem-de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­la­ryn­da we bir­nä­çe beý­le­ki döw­let­ler­de Söw­da öý­le­ri­ni aç­dyk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­ki we­zi­pe­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de do­wam ed­ýän ýa­ra­maz ýag­daý­la­ra we çyl­şy­rym­ly ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­re ga­ra­maz­dan, şu ýyl we gel­jek ýyl je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­niň 6,2 gö­te­rim art­ma­gy­ny üp­jün edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Se­bä­bi, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan, gaý­ta­dan iş­le­ýän we eks­port ed­ýän önüm­çi­lik­ler döw­le­ti­mi­ze köp gir­de­ji ge­tir­ýän, gel­je­gi uly bo­lan ugur­lar­dyr. Eks­port et­me­giň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, ösen köpugur­ly tur­ba ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.

Şu nuk­daý­na­zar­dan, soň­ky ýyl­lar­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­my­za, hu­su­san-da, Hy­ta­ýa we Eý­ra­na tä­ze gaz ge­çi­ri­ji­le­riň gu­rul­ma­gy­na, şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­na go­şan ha­ky­ky go­şan­dy hök­mün­de ga­ra­mak bo­lar. Bu bol­sa Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň umu­my ýag­da­ýy­na we ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär, ony dün­ýä äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­ýär.

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni köp möç­ber­de iber­ýän döw­let­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, eks­port et­me­giň dur­nuk­ly hal­ka­ra ul­gam­la­ry­ny dö­ret­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni we nus­ga­la­ry­ny iş­läp düz­me­gi, trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny gol­da­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ös­dür­mä­ge, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän, gaý­ta­dan iş­len­ýän we eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy. Şu mak­sat bi­len, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mä­ge 8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ýyl­da 386 müň ton­na po­lie­ti­len we 81 müň ton­na po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de hem te­bi­gy gaz­dan «Euro-5» öl­çe­gi­niň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän A-92 gör­nüş­li ben­zi­ni­ni (gaz ben­zi­ni) ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy gu­ta­ryp bar­ýar.

Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­na ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul eden mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy dur­mu­şa ge­çir­mek­de örän uly orun de­giş­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da we­la­ýat­la­ry­myz­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýe­di sa­ny kuw­wat­ly, hä­zir­ki za­man elekt­rik stan­si­ýa­sy gu­rul­dy. Şo­la­ryň bi­ri­ni — ut­gaş­dy­ry­lan gör­nüş­de iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny ýa­ňy-ýa­kyn­da biz Ma­ry şä­he­rin­de işe gi­riz­dik. Elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar, paý­laý­jy ki­çi stan­si­ýa­lar gur­lup, şä­her­le­ri­mi­ziň­dir ilat­ly ýer­le­ri­mi­ziň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik we yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry hem tä­ze­len­ýär.

Gur­lu­şyk top­lu­myn­da hem öz­gert­me­ler giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Pu­dak­da tä­ze ma­te­rial­lar we ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. Ahal we­la­ýa­tyn­da döw­re­bap aý­na we aý­na önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän iri kär­ha­na işe gi­ri­zil­di.

Bi­ziň ýur­du­myz «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te» tap­gyr­la­ýyn geç­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän döw­re­bap top­lum­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de, biz düý­bün­den tä­ze di­ýen ýa­ly hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny dö­ret­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da ka­liý hlo­ri­di­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, Ma­ry şä­he­rin­de hem am­miak we kar­ba­mid ön­dür­ýän döw­re­bap za­wo­dyň, Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dyň gu­rul­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýod, brom we olar­dan alyn­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän bir­nä­çe des­ga­nyň gur­lu­şy­gy dep­gin­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ne­ti­je­de, teh­ni­ki ýo­duň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri ep-es­li ar­tar.

Ýe­ňil se­na­gat­da ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­miz içer­ki ba­zar­la­ry ýo­ka­ry hil­li öz ha­ryt­la­ry­myz bi­len üp­jün et­mä­ge we önüm­le­riň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Ulag ul­ga­mynyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge, he­re­ket ed­ýän ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge we ola­ryň tä­ze­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­lan­dy we üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy we mu­nuň bol­sa ulag ul­ga­my­nyň hal­ka­ra kom­mu­ni­ka­si­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­na iş­jeň go­şul­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ýur­du­my­zyň geog­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ry ut­gaş­dyr­ýan iri lo­gis­tik mer­kez­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň we goň­şy ýurt­la­ryň öňün­de giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de köpugur­­ly döw­re­bap port top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bol­sa, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rin­den üs­ta­şyr gat­naw­la­ry bir­nä­çe es­se art­dy­ryp, eks­port şert­le­ri­mi­zi has-da ýo­kar­lan­dyr­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Ýur­du­myz­da gur­lan köp­rü­ler hem mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ra öw­rül­di. Di­ňe Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den bäş sa­ny de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­si gu­rul­dy. Bu bol­sa Le­bap we­la­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni iş­jeň ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» we Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na de­mir ýol­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýük­le­ri Gü­nor­ta Hy­ta­ýyň ke­nar­la­ryn­dan Pars aý­la­gy­nyň ba­zar­la­ry­na has amat­ly ýag­daý­da elt­mä­ge şert dö­ret­di. Içer­ki de­mir ýol­la­ry we in­že­ner-teh­ni­ki des­ga­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak hem iş­jeň al­nyp ba­ryl­dy.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­men­ba­şy — Fa­rap we Aş­ga­bat — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy we dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri hem giň ge­rim bi­len do­wam ed­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz ho­wa ulag­la­ry pu­da­gy­nyň iş­jeň öz­ger­dil­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň hem-de Türk­me­na­bat şä­he­rin­de tä­ze hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň, şeý­le hem Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki ho­wa men­zi­lin­de uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň gur­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­myz älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de halk ho­ja­ly­gyn­da iň kä­mil ara­gat­na­şyk, san­ly te­le­wi­de­ni­ýe hem-de In­ter­net ul­gam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň bi­lim, hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, ylym we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da hem giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şu dö­wür­de 509 sa­ny hä­zir­ki za­man tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry açyl­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, mul­ti­me­diýa ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edil­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de aý­ra­tyn du­rup geç­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny eme­le ge­tir­mek, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti we te­le­ke­çi­lik, şeý­le hem hu­kuk ul­ga­my, hä­zir­den köp san­ly hü­när­men­le­ri ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz äh­li ün­süň örän ze­rur bo­lan ma­li­ýe, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, oba ho­ja­lyk, se­na­gat­laş­dyr­mak we elekt­ron se­na­ga­ty bo­ýun­ça tä­ze okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny we me­ýil­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Bu iş­le­ri ama­la aşyr­mak üçin öň­de­ba­ry­jy mil­li we hal­ka­ra tej­ri­bä­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­li we bir­leş­dir­me­li. Bi­lim ul­ga­my­nyň, iş be­ri­ji­niň we zäh­met ba­za­ry­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, iş­gär­le­ri gaý­ta­dan taý­ýar­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di.

Jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni öz­gerd­ýän kuw­wat­ly güýç hök­mün­de yl­myň dur­muş­da örän mö­hüm or­ny bar­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ylym we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we yl­my mer­kez­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip gel­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di.

Ýur­du­myz­da yl­myň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­hat­la­r yzy­gi­der­li ge­çi­ril­di. Gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny, ta­ry­hy­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam ber­ýän yl­my sa­par­lar gu­ral­dy. Aka­de­mi­ki ins­ti­tut­la­ry­my­zyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. Yl­my bar­lag­ha­na­lar döw­re­bap en­jam­lar we ab­zal­lar bi­len üp­jün edil­di. Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bol­sa yl­my ös­dür­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­mek hem bi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de we paý­tag­ty­myz­da hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler bi­na edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, Kar­dio­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa, Mor­fo­lo­gi­ýa hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­kez­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit­len­mek, Hal­ka­ra okuw-yl­my mer­kez­le­ri, şeý­le hem Hal­ka­ra hi­rur­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi bar.

Luk­man­çy­lyk we sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li eda­ra­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di.

Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de köpugur­ly has­sa­ha­na, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy, we­la­ýat­lar­da «Tiz kö­mek» mer­kez­le­ri işe gi­ri­zil­di. Hä­zir ýur­du­myz­da 122 sa­ny has­sa­ha­na iş­le­ýär. Köp bö­le­gi oba ýer­le­rin­de ýer­leş­ýän sag­lyk öý­le­ri­niň ul­ga­my giň ge­ri­me eýe bol­dy.

Ga­raş­syz Di­ýa­ry­myz­da der­man se­na­ga­ty hem dep­gin­li ös­dü­ril­ýär. Ýer­li çig mal­dan ýo­ka­ry hil­li der­man we luk­man­çy­lyk mak­sat­ly beý­le­ki se­riş­de­ler ön­dü­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly we özü­ni çalt öde­ýän gör­nü­şi hök­mün­de «adam ma­ýa­sy­na» go­ýum­la­ry goý­ma­ga aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­di. Şo­ňa gö­rä-de, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ryn­dan bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

«Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­myz­dan ugur alyp, biz hal­ky­my­zyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­de ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam ed­ýä­ris. Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän iri sport we at­çy­lyk-sport top­lum­la­ry­ny, sta­dion­la­ry, sport mek­dep­le­ri­ni, sag­lyk öý­le­ri­ni yzy­gi­der­li gu­rup, ulan­ma­ga ber­ýä­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti diý­lip yk­rar edil­me­gi Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň ga­za­nan iň uly üs­tün­li­gi­miz­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy hem-de V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň we «Amul — Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Bu çä­re­ler Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi tu­tuş dün­ýä­de iri sport ýa­ryş­la­ry­ny hal­ka­ra de­re­je­­de gu­ra­ma­ga ukyp­ly ýurt hök­mün­de ta­nat­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň kä­mil sport bin­ýa­dy­na we hal­ky­my­zyň gol­da­wy­na eýe bo­lup, gel­jek­de hem Azi­ýa hem-de to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.

Sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu ul­ga­my ös­dür­mek we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler do­wam ed­ýär.

Hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy­nyň, ga­dy­my däp­le­ri­niň, me­de­ni­ýe­ti­niň, ru­hy we mad­dy gym­mat­lyk­la­ry­nyň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne, döw­le­ta­ra we hal­ka­ra me­de­ni-yl­my gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hä­zir ýur­du­myz­da teatr­la­ryň 10-sy, mu­zeý­le­riň 36-sy, ki­tap­ha­na­la­ryň hem 230-sy iş­le­ýär. Her ýyl bir hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri mil­li çe­per dö­re­di­ji­lik we me­de­ni­ýet baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­lip, ga­dy­my mi­ra­sy­my­za buý­sanç duý­gy­my­zy art­dyr­ýar. Biz gel­jek­de hem baý ru­hy-mil­li we me­de­ni mi­ra­sy­my­za da­ýan­mak bi­len, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji, ru­hu­be­lent mil­let­di­gi­ni bü­tin dün­ýä wa­gyz ede­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de öz­gert­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da iri mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry gu­rul­ýar. Ne­ti­je­de, mal­la­ryň we guş­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ýo­kar­lan­ýar. Ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li we­la­ýat­lar­da ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry dö­re­dil­di. Bu bol­sa ila­ty­my­zy hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek üçin oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de et, süýt we gök önüm­le­ri­ni sak­la­mak üçin üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry hem dö­re­dil­ýär.

Ýer­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ha­sy­ly­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze su­wa­ryş usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler do­wam ed­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da ne­ti­je­le­riň pes­di­gi­ne ün­si çe­kip, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni üýt­ge­dip gu­rap, ýer­den bol ha­syl al­ma­gyň, düýp­li öz­gert­me­le­ri ge­çir­me­giň hem-de do­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­giň amat­ly ýol­la­ry­ny göz­le­me­li­di­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Şun­dan ugur al­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri hö­dür­le­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, pes önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri we dü­şe­wünt­siz daý­han bir­le­şik­le­ri­niň oba ho­ja­lyk ýer­le­ri al­nyp, has go­wy iş­le­mä­ge ukyp­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­re be­ril­se, dog­ry bo­lar. Şu mak­sat bi­len, ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­me­gi hem-de iş to­pa­ry­nyň çöz­gü­di esa­syn­da ýer­le­ri 99 ýyl möh­let bi­len is­leg bil­dir­ýän­le­re ber­mek tek­lip edil­di.

Şeý­le hem bö­lü­nip ber­len ýer­le­riň 70 gö­te­ri­min­de pag­ta we bug­daý ek­mek, ga­lan 30 gö­te­ri­min­de bol­sa beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek ne­ti­je­li bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň hem-de oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ren önüm­le­ri ola­ryň is­le­gi bo­ýun­ça öz ga­ra­ma­gyn­da gal­dy­ryl­sa we er­kin ba­ha­lar bo­ýun­ça ýer­le­mek hu­ku­gy­ny göz öňün­de tut­ýan ter­tip kes­git­len­se, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.

Azyk­lyk bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­na tä­ze­den se­ret­me­giň, ýo­ka­ry hil­li to­hum ön­dür­mek üçin goş­ma­ça tö­leg­le­ri bel­le­me­giň ze­rur­dy­gy­ny hem aýt­mak is­le­ýä­rin. Bu çä­re­ler oba zäh­met­keş­le­ri­niň bol ha­syl al­ma­ga hö­we­si­ni art­dy­rar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.

Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin te­le­ke­çi­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge, eks­port et­mek üçin ýo­ka­ry hil­li azyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mä­ge giň­den çek­me­gi ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tek­lip et­di.

Ila­ty­my­zyň gök we mi­we önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ola­ryň eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň go­la­ýyn­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len daý­han ho­ja­lyk­la­ry we gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar dö­re­dil­se, peý­da­ly bo­lar.

Ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, su­wa­ryş we zeý­keş aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak, suw üp­jün­çi­li­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne hem-de ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na suw ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­jak ýer gaz­ýan teh­ni­ka­la­ry we bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin, 10 ýyl möh­le­te çen­li ýyl­da 1 gö­te­rim ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na onuň ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­mek, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ga­ra mal­la­ry we do­war­la­ry ýe­tiş­dir­ýän hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ry dö­ret­mek, ola­ry ot-iým ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni hem ka­nun­çy­lyk taý­dan çöz­me­li di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.

Ýur­du­my­zyň ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­ma­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­jek tä­ze mak­sat­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra we hü­när­men­le­re tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we art­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gur­şa­wy dö­ret­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ýe­ne bir mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Biz, ta­pyl­gy­syz baý­lyk­la­ry­myz bo­lan be­lent dag­la­ry­my­zy, uç-gy­rak­syz meý­dan­la­ry­my­zy, aja­ýyp der­ýa­la­ry­my­zy­dyr köl­le­ri­mi­zi örän aýaw­ly we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ly­dy­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di.

Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sü­rüp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len bu baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri gör­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň däp-des­sur­la­ry­ny hor­mat­la­mak bi­len, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri ge­çir­ýä­ris. Soň­ky ýyl­lar­da to­kaý meý­dan­la­ry çalt dep­gin­ler bi­len gi­ňel­ýär. Ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da gök öwüs­ýän se­ýil­gäh­ler gu­rul­ýar. Ilat­ly ýer­le­riň daş-tö­we­re­gin­de, aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ryň bo­ýun­da dö­re­di­len to­kaý zo­lak­la­ry amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär.

Ga­ra­gum säh­ra­syn­da «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ýur­du­my­zyň goş­ýan go­şan­dy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy ba­bat­da­ky me­se­le­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, ýe­ňil bol­ma­dyk ge­çiş döw­rün­de ila­ty go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len deň­siz-taý­syz ýe­ňil­lik­le­ri — gaz­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­syn­dan, agyz su­wun­dan we na­har du­zun­dan mugt peý­da­lan­ma­gy üçin ýe­ňil­lik­le­riň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we edil­ýän je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin ujyp­syz ba­ha­la­ry bel­le­dik.

Ýö­ne, dö­wür üýt­ge­ýär. Tä­ze yk­dy­sa­dy şert­ler dö­re­ýär. Hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by te­bi­gy we yk­dy­sa­dy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň we her bir ada­myň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uý­gun­laş­ma­gyn­dan yba­rat bo­lup, bu me­se­le­ler oý­la­ny­şyk­ly çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ila­tyň gir­de­ji­le­ri gör­ne­tin art­dy. Her maş­ga­la ga­zanç et­mek, ça­ga­la­ry ek­läp-sak­la­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let ta­ra­pyn­dan mugt be­ril­ýän se­riş­de­le­ri tyg­şyt­ly ulan­mak üçin bu me­se­le­le­re tä­ze­çe ga­ral­sa, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Se­bä­bi, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­myz, ýur­du­my­zyň ösen yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe hä­zir­ki däl-de, eý­sem, gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze hem hyz­mat et­me­li­dir.

Şo­ňa gö­rä-de, men ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, agyz su­wu­ny mugt sarp et­mek üçin goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň, şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­le­ri­niň esas­lan­dy­ry­lan ul­ga­my­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­ryn di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­lä­ni — 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip edip, pu­dak­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li iri hem-de aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bu me­se­le­de esa­sy ugur bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Dur­muş sy­ýa­sa­ty ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir.

Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bi­lim ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­mek, bu ul­ga­my mun­dan beý­läk-de ýo­ka­ry hil­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak ze­rur bo­lup dur­ýar.

Yl­my ös­dür­mä­ge hem uly üns ber­me­li. Aka­de­mi­ki ins­ti­tut­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­me­li. Yl­my bar­lag­ha­na­la­ry döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün et­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Ka­da­ly iý­mit­len­me­gi, ýa­ra­maz en­dik­ler­den ýüz öwür­me­gi, zäh­met bi­len dynç al­şy ut­gaş­dyr­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy göz öňün­de tut­ýan sag­ly­gy go­ra­ma­gyň mil­li ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­me­gi do­wam et­me­li. Bu ugur­lar­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­li.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, bu ul­gam­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ag­za­la­ry üçin me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na gö­nük­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýä we spor­ta köp­çü­lik­le­ýin çe­kil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan mil­li sport ul­ga­my mun­dan beý­läk hem ös­dü­ri­ler.

Aý­lyk zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry we ta­lyp hak­la­ry­ny (10 gö­te­rim­den az bol­ma­dyk de­re­je­de) ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da ga­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň möç­be­ri Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň 75 — 80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça döw­let ta­ra­pyn­dan çä­re­ler gö­rül­me­li­dir.

2019-njy ýyl­da ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň köp bö­le­gi ug­le­wo­do­rod çig ma­lyn­dan po­lie­ti­len, po­lip­ro­pi­len, ýo­ka­ry ok­tan­ly ben­zin ýa­ly önüm­le­riň örän gym­mat gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek üçin ula­ny­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň uly möç­be­ri Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­ler.

Gel­jek ýyl­da ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­mä­ge, tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­ny gur­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga hem aý­ra­tyn üns ber­ler. Bu bol­sa içer­ki sarp edi­ji­le­ri bök­denç­siz üp­jün et­mä­ge we goň­şy ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der.

Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da ýod we brom ön­dür­ýän bir­nä­çe kär­ha­na­la­ryň düý­bi tu­tu­lar.

2019-njy ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly üns be­ril­me­li­dir. Gel­jek ýyl­da Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy, Aş­ga­bat — Ma­ry — Türk­me­na­bat — Fa­rap hem-de Aş­ga­bat — Ga­ra­gum — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny aba­dan­laş­dyr­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu çä­re­ler bol­sa müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni jem­läp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gy­nyň we azyk howp­suz­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­ziň ge­çi­ren düýp­li öz­gert­me­le­ri­mi­ziň esa­sy ne­ti­je­si bol­dy di­ýip nyg­ta­dy. “Biz ra­ýat­la­ry­my­zyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­gy ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek, mugt bi­lim al­mak, her bir ada­myň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin do­ly şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­dyk” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Ta­ry­hy taý­dan gys­ga döw­rüň için­de mer­da­na türk­men hal­ky dün­ýä­de özü­ni pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, dost­luk­ly, gur­ma­gy we dö­ret­me­gi ba­şar­ýan mil­let­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. Şo­ňa gö­rä-de, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň üs­tün­lik­le­ri­ne hem-de ta­ry­hy ýe­ňiş­le­ri­ne buý­san­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz äh­li hal­ky­my­za, aý­ra­tyn-da, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­za içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zy gol­da­ýan­dyk­la­ry, jan-te­ni­miz bi­len gu­wan­ýan ata Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu gün üs­tün­den ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry ge­çen ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da tä­ze ta­ry­hy­my­zyň ýe­ňiş­li sa­hy­pa­la­ry­nyň ýa­zyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik ka­da­la­ry­na eýer­ýän mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zy gol­da­ma­gy, ata Wa­ta­ny­my­zyň güýç-kuw­wa­ty­na bo­lan berk yna­my, be­ýik mak­sat­lar bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re hoş­ni­ýet­li gat­naş­ma­gy tä­ze-tä­ze mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we ama­la aşyr­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ry şan­ly Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my bi­len gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, asu­da, aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy, Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de, äh­li­si­ne uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy uly üns bi­len diň­le­nil­di hem-de do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga geç­me­gi tek­lip edip, oňa gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di.

Bi­rin­ji bo­lup çy­kyş eden Ahal we­la­ýa­ty­nyň Sa­rahs et­ra­by­nyň Oraz Sa­lyr adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Bä­şim Aý­dy­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da be­ýik iş­le­riň ýo­ly bi­len öňe ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ýe­tip gel­ýän 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu gün mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar we äh­li ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Türk­men hal­ky mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da bag­ty­ýar, asu­da, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ýar.

Şan­ly baý­ra­myň öň ýa­nyn­da hal­ky­my­zyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. Se­bä­bi bu ýer­de döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da öz­gert­me­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da pi­kir alyş­ýa­rys. Öz ta­ry­hy çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len iş­ler bi­len bir ha­tar­da, gel­jek­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da anyk aý­dyp geç­di we bir­nä­çe halk bäh­bit­li oňyn tek­lip­le­ri öňe sür­di. Şol we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len gel­jek­de-de tä­ze ýe­ňiş­le­riň ga­za­nyl­jak­dy­gy­na biz do­ly ynan­ýa­rys di­ýip, çy­kyş eden bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň mö­hüm pu­da­gy bo­lan oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mä­ge, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga, top­rak-ho­wa şert­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da ekil­ýän ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge, önüm­le­riň hil de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di, bu bol­sa oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Şeý­le yn­san­per­wer he­ma­ýat­la­ry üçin türk­men daý­han­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de hu­su­sy­ýet­çi­li­giň or­nu­nyň ulu­dy­gy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Daý­han ho­ja­lyk­la­ry, paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri bi­len bir ha­tar­da, hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ryň dö­re­dil­me­gi oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni öz­gert­mek, bol ha­syl al­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, B.Aý­dy­ýew ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­me­gi bi­len oba ho­ja­ly­gyn­da ne­ti­je­li­li­gi has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da we şol gaz­na­dan ýer bö­lek­le­ri­ni 99 ýy­la çen­li peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dan tek­lip­le­ri­ni oba zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem top­ra­gy­my­zyň gurp­lu­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da tek­lip­le­ri öňe sür­di, bu bol­sa daý­han­la­ryň buý­sanç­ly ba­şy­ny gö­ge gö­ter­di, mu­nuň üçin ola­ryň mil­li Li­de­ri­mi­ze al­kyş­la­ry­nyň çä­gi ýok.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry bi­len ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy dö­re­dil­di. In­di Türk­me­nis­tan gal­la­ny eks­port ed­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Gal­la we pag­ta önüm­le­ri da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ha­ryt­la­ra öw­rül­di. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gin­de uly orun tut­ýar.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ma­ny­ly ta­ry­hy çy­ky­şy­ny uly buý­sanç bi­len diň­läp, Wa­tan, halk ha­kyn­da­ky ala­da­la­ra gur­şa­lan tek­lip­le­ri­ni, öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni tüýs ýü­rek­den gol­da­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ta­ry­hy çy­ky­şy türk­me­nis­tan­ly­la­ry Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi, mer­da­na hal­ky­my­zyň eş­ret­li er­ti­ri üçin mun­dan beý­läk-de jan aýa­man zäh­met çek­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar, güý­jü­mi­ze güýç goş­ýar di­ýip, eke­ran­çy öz çy­ky­şy­ny “Ar­ka­da­ga şöh­rat! Gah­ry­ma­na şöh­rat!” di­ýen joş­gun­ly şy­gar bi­len ta­mam­la­dy.

Soň­ra Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gik we dur­nuk­ly ösüş ins­ti­tu­ty­nyň baş hü­när­me­ni Aý­na Açy­lo­wa söz be­ril­di. Onuň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li dur­nuk­ly ösüş sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ägirt uly sep­git­le­re ýet­di. Ýur­du­myz je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni bo­ýun­ça dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry sak­lap gel­ýär.

Dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy, ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy, müň­ler­çe tä­ze döw­re­bap iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň düýp­li go­wu­lan­ýan­dy­gy­na, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň do­ly ber­jaý edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu aý­dyň ha­ky­kat mil­li Li­de­ri­mi­ziň peş­geş be­ren “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly ki­ta­byn­da hem do­ly be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň 80 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­nyň dur­muş ug­ru­na gö­nük­di­ril­me­gi hal­ky­my­zyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Şeý­le bi­möç­ber ala­da­la­ry üçin hal­ky­myz Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýar.

Siz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­na geç­mek, ýur­du­my­zyň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da düýp­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar­sy­ňyz. Si­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ňy­zyň ne­ti­je­sin­de, se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de iri kär­ha­na­la­ryň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň se­na­ga­tyn­da zäh­met ön­düri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy di­ýip, çy­kyş eden aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Pre­zi­dent­li­ge saý­la­nan il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da dur­mu­şa gö­nük­di­ri­len ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň berk bin­ýa­dy­ny esas­lan­dyr­ma­gy baş mak­sa­dy­na öwür­di.

Hal­ky­myz in­di bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýa­şa­ýyş üçin wa­jyp bo­lan te­bi­gy gaz­dan, agyz su­wun­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­syn­dan, na­har du­zun­dan mugt peý­da­la­nyp gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras gal­dyr­mak ba­ra­da çä­re­ler gö­rül­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan şert­le­rin­de te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy re­je­li, tyg­şyt­ly we ýo­ka­ry de­re­je­de ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­ly­gy, şeý­le-de ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ýan­dy­gy, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­ýan­dy­gy hal­ky­my­zyň mugt peý­da­lan­ýan hyz­mat­la­ry­na tö­leg gi­riz­mä­ge do­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu Halk Mas­la­ha­tyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da aý­dan­la­ry­ny türk­men yk­dy­sat­çy­la­ry do­ly gol­da­ýar­lar di­ýip, A.Açy­lo­wa nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny öz­gert­mek ba­ba­tyn­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty in­no­wa­sion esas­lar­da ýur­du­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny düýp­li ber­kit­mä­ge, gir­de­ji­le­ri art­dyr­ma­ga, dün­ýä ba­zar­la­ry­na bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­ri çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­lar, so­wa­dy­jy am­mar­lar, mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry gu­rul­ýar, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň işi ýo­la go­ýul­ýar.

Bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan kuw­wat­ly döw­le­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da ak ýü­rek­den, jan aýa­man, ha­lal zäh­met çek­mek her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr di­ýip, çy­kyş eden aýt­dy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan sag­lyk, uzak ömür we giň ge­rim­li asyl­ly iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Soň­ra Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­by­nyň Sa­dul­la Roz­me­tow adyn­da­ky oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ka­mil Roz­me­tow çy­kyş edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy hem-de ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si­ni Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­niň baş­lan­ma­gy we eziz Wa­ta­ny­my­zyň ýe­tip gel­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän bu mas­la­ha­tyň ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan tu­tum­la­ra ba­dal­ga be­ren wa­ka hök­mün­de ta­ry­ha gir­jek­di­gi ha­ky­kat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösüş­le­re bes­len­ýär. Bu aja­ýyp ösüş­ler, gel­je­ge ba­dal­ga ber­ýän tu­tum­ly iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň bar­ha ro­waç al­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eg­sil­mez ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, türk­men hal­ky­nyň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi, be­re­ket­li top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­myz­da ýe­tiş­di­ril­ýän bug­daý we pag­ta ha­sy­ly üçin döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­na gaý­ta­dan se­ret­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri daý­han­la­ry has-da ruh­lan­dyr­dy.

Oba ho­ja­ly­gyn­da döw­re­bap öz­gert­me­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi, daý­han­la­ryň zäh­me­ti­ne my­na­syp ba­ha be­ril­me­gi, türk­men top­ra­gy­na bo­lan yh­la­sy­ny bar­ha art­dyr­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Si­ziň mas­la­hat­da tä­ze dö­re­dil­jek ýer gaz­na­syn­dan ýer al­ýan daý­han­la­ra alan ýe­ri­niň azyn­dan 70 gö­te­ri­mi­ne şert­na­ma­la­ýyn esas­da döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän ekin­le­ri ekip, borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ren ha­sy­ly­ny öz is­le­gi­ňe gö­rä gal­dyr­mak hem-de ýe­riň ga­lan bö­le­gi­ne ekin do­la­ny­şy­gy­ny ge­çir­mek esa­syn­da beý­le­ki ekin­le­ri­ni ek­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri­ňi­zi tüýs ýü­rek­den gol­da­ýar di­ýip, çy­kyş eden bel­le­di.

Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­tyn­dan ruh­la­nyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şar­lar di­ýip K.Roz­me­tow nyg­ta­dy hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ze Ga­raş­syz we Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi, ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň we hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry­na ho­şal­lyk bil­dir­di.

Soň­ra Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­by­nyň «Ak­ga­la» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Ma­ral Gur­ba­no­wa söz be­ril­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy we Halk Mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­ryh üçin gys­ga döw­rüň için­de asyr­la­ra ba­ra­bar ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saýlanan gü­nün­den baş­lap, mil­li Li­de­ri­miz paý­tag­ty­my­zy we we­la­ýat­la­ry­my­zy ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýär. Şol ýer­ler­de top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar hem-de dür­li äh­mi­ýet­li des­ga­lar bi­len bir ha­tar­da, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­na edil­di we gu­rul­ýar.

Kä­ren­de­çi­niň nyg­taý­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da ýa­daw­syz ala­da ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le my­sal­la­ryň bi­ri ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da işe gi­ri­zi­len ýyl­lyk kuw­wa­ty 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni­ni ön­dür­ýän “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy­dyr. Bu kär­ha­na­lar oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ýo­ka­ry hil­li mi­ne­ral dö­kün­le­ri bi­len do­ly üp­jün edip, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni eks­port ed­ýän iri döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu kär­ha­na­la­ryň işe baş­la­ma­gy bi­len tä­ze iş orun­la­ry hem dö­re­dil­di.

Ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­la­ry­nyň adyn­dan M.Gur­ba­no­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da gök we mi­we önüm­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan daý­han ho­ja­lyk­la­ry­ny, mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan hem-de ola­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ry­ny dö­ret­mek, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry bi­len üp­jün et­mek, şeý­le hem oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry hem-de suw tyg­şyt­laý­jy en­jam­la­ry, suw ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ha­kyn­da aý­dan tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mas­la­hat­da eden ta­ry­hy çy­ky­şy, çuň ma­ny­ly söz­le­ri daý­han­la­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar di­ýip, kä­ren­de­çi aýt­dy hem-de pu­da­gyň zäh­met­keş­le­ri­niň mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu mas­la­hat­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin jan aýa­man zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.

Çy­kyş ede­niň bel­leý­şi ýa­ly, ol ene top­rak­dan rys­gal ta­pan ze­nan. Şu gün onuň dur­mu­şyn­da ýat­dan çyk­ma­jak iň bagt­ly gün­le­riň bi­ri bol­dy. Oňa kä­ren­de­çi ze­nan hök­mün­de be­lent mün­ber­den äh­li ze­nan­la­ryň adyn­dan çy­kyş et­mek hor­ma­ty ne­sip et­di. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şu ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­by­ny türk­men hal­ky­my­za sow­gat ber­di. Bu ki­tap ýur­du­myz­da enä be­lent sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu eser­de enä­niň keş­bi Aýa, Gü­ne, ba­ha­ra — ýa­za meň­ze­dil­ýär, ene­ler mu­kad­des­li­ge de­ňel­ýär di­ýip, M.Gur­ba­no­wa bel­le­di hem-de öz­le­ri ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry­na jo­gap edip, asyl­ly­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da per­zent­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­jek­dik­le­ri­ne ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry­nyň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi tüýs ýü­rek­den ynan­dyr­dy.

Kä­ren­de­çi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman, ýur­du­nyň aba­dan, mer­te­be­si­niň mun­dan-da be­lent bol­ma­gy­ny hem-de türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar gel­je­gi, eş­ret­li dur­mu­şy üçin alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di.

Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy, pen­sio­ner Re­jep­my­rat Al­la­nu­row şu ta­ry­hy fo­ru­ma gat­naş­ýan uly ne­sil­le­riň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi hem-de tu­tuş hal­ky­my­zy ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si hem-de Ga­raş­syz­ly­gyň 27 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

R.Al­la­nu­ro­wyň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my dur­muş mek­dep­le­ri­niň bi­ri bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň ça­gy­ryl­ma­gy pa­ra­sat­ly hal­ky­my­zyň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne, kö­pa­syr­lyk kök­le­ri­ne eýe bo­lan de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len däp­le­re gö­rä, hä­zir­ki gün­de hem döw­let me­se­le­le­ri äh­lihalk ta­ra­pyn­dan ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp çö­zül­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýe­re ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den ge­len we­kil­ler, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Olar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len oňyn sy­ýa­sa­ty­ny hem-de be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny ila­ty­my­za dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça asyl­ly işe öz go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Pen­sio­ner öz çy­ky­şy­ny do­wam et­mek bi­len, hä­zir­ki wagt­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň uly nes­li üçin gur­lan hem-de dur­ky tä­ze­le­nen luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň we şy­pa­ha­na­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­lyk­la­ryn­da, ulag hem-de ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da dür­li ýe­ňil­lik­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Ýyl­sa­ýyn art­ýan pen­si­ýa­la­ry hem-de döw­let kö­mek pul­la­ry öz wag­tyn­da tö­le­nil­ýär.

Ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan R.Al­la­nu­row hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li ulan­mak, hu­su­san-da, ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, agyz su­wu­ny, na­har du­zy üçin tö­leg­le­ri ka­da­laş­dyr­mak ba­bat­da­ky tek­li­bi­ni gol­da­dy. Çy­kyş ede­niň nyg­taý­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň köp ýyl­lar­dan bä­ri dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­ýän döw­rün­de hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li dur­muş şert­le­ri­niň ga­za­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýa­şu­lu­lar ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­ler üçin sak­la­mak hem-de döw­let se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­mak mak­sa­dy bi­len, soň­ky bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sak­la­nyp gel­ýän ýe­ňil­lik­le­riň aý­ryl­ma­gy ba­ra­da tek­li­bi aýt­dy­lar.

R.Al­la­nu­ro­wyň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çuň­ňur ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy şu mej­li­se gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­sin­de uly ru­hu­be­lent­lik duý­gu­sy­ny dö­ret­di we ýur­du­my­zyň ýa­şu­lu­la­ry umu­my­mil­li fo­rum­da ka­bul edi­len çöz­güt­le­ri, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny bi­ra­gyz­dan gol­da­ýar­lar we ma­kul­la­ýar­lar.

Ýa­şu­ly çy­ky­şy­ny ru­hu­be­lent goş­gy se­tir­le­ri bi­len jem­läp, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady­na buý­sanç söz­le­ri­ni we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.

Soň­ra Ma­ry şä­he­rin­dä­ki «Röw­şen» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ýag­myr Ha­now çy­kyş et­di. Ol Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni ýe­tip gel­ýän baý­ram­çy­lyk — ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ne baş­la­ma­gy bi­len mä­hir­li gut­la­dy.

Çy­kyş eden döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­rip, alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem­me pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hu­su­sy işe­wür­li­giň we­ki­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Te­le­ke­çi­le­ri­miz äh­li pu­dak­lar­da ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler we uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar” di­ýen söz­le­ri­ni ge­tir­di hem-de hä­zir­ki wagt­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ber­ýän uly gol­daw­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry dür­li ul­gam­lar­da iş alyp bar­ýar­lar, dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ön­dür­mek­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­ma­gyň dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­ýär­ler, hal­ka­ra de­re­je­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ola­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ge­tir­mek, tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­mak, mal­dar­çy­ly­gy we guş­çu­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Türk­men işe­wür­le­ri­niň gur­lu­şyk­da, dok­ma pu­dagyn­da, se­na­gat­da, bi­lim we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da, ma­ha­bat, ne­şir­ýat iş­le­rin­de alyp bar­ýan iş­le­ri buý­sanç dö­red­ýär. Olar di­ňe bir ýur­du­my­zyň çä­gin­de däl, eý­sem, do­gan­lyk da­şa­ry döw­let­ler­de-de des­ga­la­ry bi­na edip, türk­men bi­na­gär­li­gi­niň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär­ler.

Hu­su­sy ul­gam Wa­ta­ny­my­zyň azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de my­na­syp go­şant goş­ýar. Bu gün ak ba­zar­la­ry­my­zy we mu­kad­des sa­çak­la­ry­my­zy be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler be­ze­ýär. Hal­ky­my­zyň sa­çak­la­ry­nyň rys­gal-be­re­ke­di, gu­rul­ýan me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi te­le­ke­çi­le­riň yh­las­ly zäh­met­le­ri­niň mi­we­le­ri­dir. Türk­men hu­su­sy işe­wür­le­ri­niň güý­ji bi­len ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tu­tup bil­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­mek biz üçin has hem ýa­kym­ly­dyr di­ýip, Ý.Ha­now sö­zü­ni do­wam et­di.

Ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çy­ky­şyn­da be­ýan edi­len tek­lip­le­ri, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len äh­li dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny te­le­ke­çi­le­riň adyn­dan do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi­niň mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly, oý­la­ny­şyk­ly hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy üçin dö­re­di­len şert­ler, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi ba­ra­da­ky me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi hä­zir­ki dö­wür­de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň mugt peý­da­lan­ýan hyz­mat­la­ry­ny do­ly tö­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

“Röw­şen” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň orun­ba­sa­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: “Te­le­ke­çi­ler ýur­du­my­zyň al­tyn gaz­na­sy­dyr” di­ýip, bi­ze uly ynam bil­dir­ýär di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­de te­le­ke­çi­lik pu­da­gy­nyň pa­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, Ý.Ha­now öz çy­ky­şy­ny söý­gü­li Wa­ta­ny­my­za hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ba­gyş­la­nan joş­gun­ly goş­gy se­tir­le­ri bi­len jem­le­di.

Umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň do­wa­myn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň “Bal­kan” gä­mi be­je­riş-me­ha­ni­ki us­sa­ha­na­sy­nyň us­sa­sy Ber­di­mäm­met Aşy­row öz çy­ky­şyn­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň her bir gü­nü­niň eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da­ky giň ge­rim­li iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň, bag­ty­ýar­ly­gyň ru­hun­da ös­ýän-öz­ger­ýän ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň dur­muş-ýa­şa­ýyş de­re­je­si gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da giň möç­ber­li iş­ler, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li ta­ry­hy baş­lan­gyç­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol iş­ler bü­tin dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­ýär.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» ugur­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­niň ul­ga­my dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap ho­wa, po­lat we aw­to­mo­bil ýol­la­ry, de­ňiz we der­ýa ýol­la­ry halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň we raý­daş­ly­gyň ny­şan­la­ry­na öw­rül­di.

Çy­kyş eden üçün­ji müň­ýyl­lyk­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­dil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, şu baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly 2-nji ki­ta­by­nyň hem-de “Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly tä­ze yl­my işi­niň çap­dan çyk­ma­gy­nyň uly ruh­lan­dy­ry­jy güý­jü­ni bel­le­di.

Ýur­du­myz ulag ul­ga­myn­da se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy ugur­la­ry bo­ýun­ça çe­ki­len de­mir ýol­la­ry, Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň — Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na bö­le­gi­niň açyl­ma­gy, şeý­le hem Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den gur­lan Ker­ki — Ker­ki­çi, Türk­me­na­bat — Fa­rap de­mir ýol, aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ýur­du­my­zyň de­ňiz ulag­la­ry ul­ga­my­nyň we­ki­li hök­mün­de B.Aşy­row söw­da flo­tu­ny ös­dür­mek, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny se­bit­de iň iri port top­lum­la­ry­nyň bi­ri­ne öwür­mek bo­ýun­ça türk­men Li­de­ri­niň alyp bar­ýan ägirt uly işi­ni bel­le­di.

Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem­me iş­le­ri­niň we baş­lan­gyç­la­ry­nyň mäh­ri­ban hal­ky­myz ba­ra­da­ky ala­da ýug­ru­lan­dy­gy­ny nyg­tap, çy­kyş eden şu gün umu­my­mil­li mas­la­hat­da aý­dy­lan ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na de­giş­li äh­li baş­lan­gyç­la­ry kär­deş­le­ri­niň adyn­dan gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.

Ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň, dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry, ýur­du­my­zyň ulag pu­da­gy­nyň yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy üçin B.Aşy­row döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de mil­li Li­de­ri­mi­zi Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len mä­hir­li gut­lap, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.

Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň ser­het bi­rik­me­si­niň ser­ker­de­si­niň orun­ba­sa­ry Eziz Ça­ry­ýew çy­kyş et­di.

Ol mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­riň şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowy we bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň hem­me­si­ni eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bu wa­ka hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk mil­li däp­le­ri­ne we ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, çy­kyş eden mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­by­na ün­si çek­di, on­da gym­mat­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­lar, şol san­da türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan eder­men­lik, gaý­duw­syz­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la ge­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar. Har­by gul­luk­çy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, eziz Wa­ta­ny­my­zyň go­rag­çy­la­ry şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bo­lup, ýur­du­my­zyň go­ra­gyn­da sars­maz ga­la bo­lup dur­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ata­sy we ka­ka­sy — us­sat mu­gal­lym, gaý­duw­syz es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň hem-de içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ömür ýo­ly, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi­niň şah­sy gö­rel­de­si türk­men har­by gul­luk­çy­la­ry üçin nus­ga­lyk mek­dep­dir. Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy bo­lan «Eder­men­li­gi üçin» me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy buý­sanç duý­gu­sy­ny art­dyr­dy hem-de ýaş türk­men es­ger­le­ri ata Wa­ta­ny­my­za my­na­syp gul­luk et­mek bi­len, onuň gah­ry­man­çy­lyk ýö­rel­ge­si­ne eýe­rer­ler di­ýip, ser­ker­de bel­le­di.

Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň «Wa­tan go­ra­gy mu­kad­des­dir», «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär», «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar», «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi», «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­tap­la­ry ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Olar Wa­ta­ny­my­zyň go­rag­çy­la­ry we äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz üçin eg­sil­mez ru­hy çeş­me­dir.

E.Ça­ry­ýew har­by gul­luk­çy­la­ryň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ki­tap­la­ryn­da be­ýan edi­len pa­ra­sat­ly mas­la­hat­la­ra eýer­mek bi­len mun­dan beý­läk-de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zy göz­le­ri­niň gö­re­ji ýa­ly go­ra­jak­dyk­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowy ynan­dyr­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zy go­raý­jy­lar ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­jek har­by ýö­riş­de Mil­li Go­şu­ny­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry eder­ler.

Äh­li­halk mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, mu­kad­des har­by Ka­sa­myň söz­le­ri bi­len çy­ky­şy­ny ta­mam­la­dy.

Soň­ra Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň 2-nji ýyl ta­ly­by Dur­dy­mu­ham­met Oraz­gu­ly­ýew hem-de S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Doý­duk Gü­ji­ýe­wa çy­kyş et­di­ler. Olar ýur­du­my­zyň ýaş nes­li­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi hem-de mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar. Ýaş­lar ta­ry­hy fo­ru­ma — türk­men hal­kyn­da asyr­lar­bo­ýy däp bo­lup gel­ýän il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm me­se­le­le­ri halk bi­len ag­zy­bir­lik­de ara alyp mas­la­hat­laş­mak ýö­rel­ge­si­ne esas­la­nyp ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­si­ne gat­naş­ýan­dyk­la­ry­na çäk­siz buý­san­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar.

Ta­lyp­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­miz “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da hem ösü­şiň we dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len öňe ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy gün­sa­ýyn beý­gel­ýär.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, ýaş­la­ryň aň-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­nyň göz­ba­şy­dyr, döw­le­tiň he­re­ket­len­di­ri­ji, yk­bal kes­git­leý­ji, ösü­şi­niň ro­waç­ly­gy­ny art­dy­ry­jy güý­jü­dir.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol çe­ken ta­ry­hy äh­mi­ýet­li ka­rar­la­ry bi­len tas­syk­la­nan hem-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň hem-de Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň kon­sep­si­ýa­la­ry mil­li bi­lim ul­ga­my­ny ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­dy. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler, ga­za­nyl­ýan oňyn ne­ti­je­ler dün­ýä­de giň­den yk­rar edil­ýär.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň sport döw­le­ti hök­mün­de hal­ka­ra ab­ra­ýy hem be­len­de gal­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan hem-de ýur­du­myz­da üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ge­çi­ri­len, şu ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nan “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy, we­lo­si­ped­li ýö­riş we yl­gaw ýa­ry­şy eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny ýe­ne bir gez beý­gelt­di. Be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ýo­ka­ry sport gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ga­zan­ma­ga ça­lyş­mak döw­le­ti­mi­ziň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Ýaş­lar ta­lyp­la­ryň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze asu­da we bagt­ly dur­muş, ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­jek giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Ýaş­la­ry­myz dün­ýä­niň ösen döw­let­le­rin­de hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän ze­hin bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar we eziz Wa­ta­ny­my­zyň, mer­da­na hal­ky­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni öň­kü­den-de ýo­ka­ry gö­ter­ýär­ler.

Çy­kyş eden­ler ýaş nes­liň öz öň­le­rin­de goý­lan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­riň örän mö­hüm­di­gi­ne dü­şü­nip, gel­jek­de hem mil­li Li­de­ri­miz­den hem-de onuň hor­mat­ly ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň dur­muş ýo­lun­dan gö­rel­de alyp, oňat oka­mak, yl­my üs­tün­lik­ler, päk ýü­rek­li zäh­met bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ne go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň je­mi­ni jem­läp, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik sy­ýa­sy dur­mu­şy­na de­giş­li gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çy­kyş eden­le­riň hem-de mej­li­siň işi­ne iş­jeň gat­na­şan­la­ryň äh­li­si­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di. Mil­li Li­de­ri­miz çy­kyş eden­le­riň şu umu­my­mil­li fo­rum­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ry gol­dan­dy­gy­ny aý­dyp, şu gün be­ýan edi­len tek­lip­le­riň hem-de bel­lik­le­riň hök­ma­ny su­rat­da göz öňün­de tu­tul­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz çy­ky­şyn­da hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­dä­ki çy­kyş­lar­da dür­li tek­lip­le­riň aý­dy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le tek­lip­ler äh­li we­la­ýat­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ryn­dan hem ge­lip go­wuş­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şo­la­ryň esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan hem-de ka­bul edi­len res­mi­na­ma­la­ryň ýa­kyn we uzak gel­jek üçin döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň mak­sat­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň do­lan­dyr­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ekin do­la­ny­şy­gy­nyň, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ge­çil­ýän hä­zir­ki dö­wür­de esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri gol­daw tap­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da ka­bul edi­len res­mi­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň oňat ne­ti­je­le­ri ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy res­mi­na­ma­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek bi­len, «Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da­» Ka­ra­ra gol çek­di.

Mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li fo­rum­da ma­kul­la­ma­la­ry göz öňün­de tut­mak bi­len, “Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len üp­jün et­me­gi ter­tip­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra, şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň ba­ha­la­ry­ny ter­tip­leş­dir­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ne de­giş­li äh­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­niň «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­» Kons­ti­tu­sion Ka­nu­na do­ly la­ýyk­lyk­da düz­gün­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi de­mok­ra­tik, açyk­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy, ada­myň we ra­ýa­tyň ka­nun öňün­de deň­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny hem-de azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ka­da­la­ry­na esas­lan­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz zäh­met­de ta­pa­wut­la­nan ra­ýat­la­ry­my­zy ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň mu­kad­des baý­ra­my­nyň öň ­ýa­nyn­da döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak hem-de ola­ra hor­mat­ly at­la­ry dak­mak ha­kyn­da­ky de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çe­ken­di­gi­ni ha­bar ber­di. Sy­lag­la­ry er­tir, 26-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry bo­ýun­ça gow­şu­rar­lar.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si gel­jek ýyl ge­çi­ri­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň örän mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň in­di­ki mej­li­si­ni 2019-njy ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ça­gyr­ma­gy tek­lip edip, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di.

Biz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, asu­da we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny hem-de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­ly örän mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de jem­leý­ji söz bi­len çy­kyş edip, hä­zir­ki ta­ry­hy za­ma­na­da — Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de giň halk köp­çü­li­gi­niň ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni, yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­me­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da eg­sil­mez dö­re­di­ji­lik ru­hu­nyň has-da äş­gär du­ýul­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ýag­daý Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki bi­rin­ji mej­li­sin­de has-da aý­dyň we hem­me­ta­rap­la­ýyn ýü­ze çyk­dy. Mej­lis­de biz mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de ga­za­nan aja­ýyp ne­ti­je­le­ri­mi­zi ara alyp mas­la­hat­laş­dyk di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Ýa­kyn we uzak gel­jek­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­riň ak ýo­ly bi­len öňe git­me­gi­niň ugur­la­ry­ny kes­git­le­dik. Bu me­se­le­ler Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn hä­si­ýet­li res­mi­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Bu ab­raý­ly we­kil­çi­lik­li mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da esa­sy zat — mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ös­dür­me­giň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­ny, uky­by­ny we bi­lim­le­ri­ni ba­gyş et­mä­ge syn­maz er­ki be­ýan edil­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Göz öňün­de tu­tul­ýan iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­ny in­no­wa­sion ka­da­la­ra, ila­tyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti bo­lan ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Berk je­bis­lik we ag­zy­bir­lik ýag­da­ýyn­da ge­çen Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bi­ziň bu işi ab­raý bi­len ba­şar­jak­dy­gy­my­zy, asyl­ly mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ýe­ňil bol­ma­dyk ýol­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­raş­ýan­dy­gy­ny ynam­ly tas­syk­la­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň je­mi­ni jem­läp, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len äh­li me­se­le­le­re se­re­di­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de şo­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň her bi­ri­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şöh­rat­ly baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy, hem­me­le­re berk jan sag­lyk hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

“Ýa­şa­syn, ba­ky sars­maz Türk­men döw­le­ti!

Ýa­şa­syn, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri!

Ýa­şa­syn, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar as­tyn­da çy­ky­şy­ny ta­mam­la­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýa­pyk di­ýip yg­lan et­di.

Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy be­lent­den ýaň­lan­ýar.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­lar bi­len hoş­laş­dy we Ru­hy­ýet köş­gün­den ug­ra­dy. (TDH)



Degişli Habarlar