Indoneziýada geçirilýän Tomusky Aziadada Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy

Indoneziýanyň paýtagty Jakartada XVIII Tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin bu ýere gelen Türkmenistanyň ýygyndy toparyny mübäreklemek dabarasy boldy

1034997
Indoneziýada geçirilýän Tomusky Aziadada Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy

Atletikaçylar obasynyň halkara zolagynda Türkmenistanyň dabaraly senasynyň astynda ýurdumyzyň baýdagy galdyrylýar. Obanyň meri Ýuni Karkita türgenleri mübärekläp, olara Aziýa oýunlarynda şowly çykyşlar arzuw etdi. Ýurdumyzyň wekilýetine Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň ýadygärlik sowgady gowşuryldy. Dabaranyň barşynda şeýle hem Owganystanyň, Kambojanyň, Laosyň we Kuweýtiň baýdaklary galdyryldy.

Şu gün Jakartanyň “Bung Karno” stadionynda XVIII Tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar. Türgenleriň 65-si sportuň 11 görnüşinde Türkmenistana wekilçilik ederler. Ertir erkin usulda göreşýän pälwanlar we suwda ýüzüjiler baýrakly orunlar ugrunda bäsleşiklere girişerler. (TDH)



Degişli Habarlar