Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy

989903
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi, agzybirligi hem-de ylalaşyklylygy alamatlandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Gadyr gijesini egsilmez joşgun, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy aljakdygymyza berk ynanýaryn.

Lebze ygrarlylyk, halallyk, dostluk, wepalylyk ýaly ajaýyp ahlak häsiýetleri müňýyllyklaryň dowamynda baý medeniýeti, ajaýyp däp-dessurlary döreden halkymyzyň owal-ahyr uýup gelen mukaddes ýörelgeleridir. Ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, biziň bagtyýar günlerimizde hem halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde mukaddes Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn hormat goýýar. «Günüň serweri — juma, aýyň serweri — remezan», «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil» ýaly asyrlardan asyrlara aşyp, nesillerden nesillere geçip gelýän nakyllar Oraza aýynyň we Gadyr gijesiniň halkymyzyň ruhy durmuşynyň özgermegine hem-de ösmegine düýpli täsir edendigini tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan, umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýän Oraza aýyna we Gadyr gijesine, belent ahlak gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, ynanç-adatlarymyza hormat goýýarys.

Hakykaty, haýry dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda uly tagallalary edýäris. Jemgyýetimiziň jebisligini hem-de agzybirligini alamatlandyrýan ynsanperwer ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris hem-de häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda täze pikirler, täze garaýyşlar bilen baýlaşdyrýarys.

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk halkymyzyň beýikligini, sabyr-kanagatlylygyny, sahawatlylygyny hem-de ýokary ahlaklylygyny ykrar edýän müdimi ýörelgelerimizdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy wakalara, şanly üstünliklere baý «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna rehimdarlyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerimizden ugur alyp, jenaýat edip, iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Munuň özi rehim-şepagatlylyga we kalby päklige ymtylýan halkymyzyň ruhy ýörelgesini dabaralandyrmak bilen, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýar, abadan we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmak hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halky iň gadymy döwürlerden bäri umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan, öz ýoluny, ýörelgesini döreden halkdyr. Gadymy medeni-taryhy ýadygärliklerimiz Günbatar bilen Gündogary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň örän ähmiýetli şahalarynyň biriniň ugrunda ýerleşen Watanymyzyň ilkinji ylymlary we bilimleri, medeniýetleri hem-de sungatlary özünde jemleýän gadymy mekandygyny ykrar edýär. Dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan beýik medeniýetimiz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, asylly dini we dünýewi ýörelgelerimiz abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, eziz Diýarymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmaga ylham, gurmaga we döretmäge güýç berýär.

Şoňa görä-de, döwlet syýasatynda öňe sürýän esasy wezipelerimize laýyklykda, jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny, milletimiziň ahlak kämilligini üpjün etmek, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak, ynsanperwer ýörelgelerimizi häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda yzygiderli ösdürmek, halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda tutumly işleri yzygiderli alyp barýarys. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, obadyr şäherlerimiziň keşbiniň özgermegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagy üçin uly işleri amala aşyrýarys.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi gudraty güýçli Beýik Biribar tarapyndan mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, kalplary tämizleýän, köňülleri nur bilen doldurýan mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde medeni ösüşleriň, beýik özgerişlikleriň mekany bolan eziz Watanymyzyň beýik geljegi, bagtyýar we asuda durmuş üçin edilen doga-dilegler, amal edilen tagat-ybadatlar, agzaçar sadakalary gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW (TDH)



Degişli Habarlar