Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Baba Owganowyň türkmen halkynyň şöhratly geçmişi hakyndaky “Muhammet Togrul begiň Bagdatda dabaraly garşylanyşy” atly taryhy suraty serginiň esasy gurluş-çeperçilik eseri boldy

961829
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Baba Owganowyň türkmen halkynyň şöhratly geçmişi hakyndaky “Muhammet Togrul begiň Bagdatda dabaraly garşylanyşy” atly taryhy suraty serginiň esasy gurluş-çeperçilik eseri boldy. Bagdadyň täze hökümdaryny mübärekleýän erkeklerdir zenanlar mähellesi şekillendirilen uly möçberli işde Togrul begiň owadanlykda taýsyz ak aty saýlanyp dur. Başy buýsançly, inçe bil, aýaklary ýüwrük at tomaşaçylary özüne bendi edýär. 

Sergide ady türkmenistanlylara belli meşhur bedewlere bagyşlanan suratlaryň birnäçesi goýlupdyr. Olaryň arasynda Işan Işangulyýewiň “Türkmeniň buýsanjy- Ýanardag”, Öwez Mämmetnurowyň “Garader” ýaly işleri bar. Nakgaşlar suratlarda ajaýyp bedewleriň gözelligini, olaryň mahmal deýin mymyk reňkleriniň röwüşini, ýeňil gopuşyny we doga buýsançlylygyny beýan etmäge çalşypdyrlar. 

Saparmämmet Meredowyň “Watanym” atly suraty säher -sabada sähra çykanda töweregiň gözelligine haýran galan nakgaşyň ruhy ýagdaýyny beýan edýär-- Zeminem, asmanam näzik gülgüne reňke boýalypdyr, diňe ak atlaryň bir topary ýürege mähirli manzaryň görküni has gözel edýär. Olara syn edeniňde ýürekde şeýle bir söýgi döreýär welin, bar kişä: “Dogduk diýardan eziz zat ýok” diýesiň gelýär. 

Ýarly Baýramowyň “Köpetdagyň eteginde” atly işinde al-ýaşyl öwüsýän dag eteginde seýisiň bakyp ýören taýjagazlary şekillendirilen. Suratda bahar özgerişleri görkezilen. 

Tamara Kiselýowanyň “Ahal-teke bedewleri” suratynda atlaryň bezegine üns berlipdir, şunda hem adamlaryň bu üýtgeşik jandalara söýgüsi duýulýar. At esbabynda altyndyr gymmatly daşlar ýalpyldasa, basyrygyna nepis göl salnypdyr. Ahal-teke bedewleriniň esbaby edil nepis surata mynasyp çarçuwa ýaly bir zatdyr. 

Mämmet Mämmedowyň “Toý” atly suraty oba toýuna gatnaşýan atlar barada. Birnäçe gatlakda çekilen suratyň bir böleginde çekeleşikli çapyşyga taýýarlanýan üsti çapyksuwarly atlaryň ençemesi şekillendirilipdir. Olardan biraz ýokarrakda oba adamlarynyň bir topary göreşe syn etse, ondan ýokarky gatda tagam taýýarlanýan dört gazan, soňra depesi parahat gök asmana direýän dag çekilipdir. 

Kiçi görnüşli ençeme heýkeiliň arasynda Saragt Babaýewiň “Arkadag” diýen heýkeli aýratyn saýlanyp dur. (TDH)



Degişli Habarlar