Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna düýn Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy wakalar ýaýbaňlandy

960968
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu günler paýtagtymyza dünýäniň köp ýurtlaryndan myhmanlar geldiler, olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar, şeýle hem bu ýerde ýörite sergi-ýarmarka guraldy. Düýn Ahalteke atçylyk toplumynda guralan dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilen Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan sungat eserlerinde behişdi bedewleriň keşbini has oňat beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işgärlerine sylaglar gowşuryldy.

Şu gün ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem daşary ýurt alymlary we atşynaslary, işewürler hem-de žurnalistler Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna ýygnandylar, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.

Toplumyň çäklerini halk amaly-haşam sungatynyň, çeper senetçiligiň, nakgaşlygyň, heýkeltaraşlyk we ýelden ýüwrük bedewlere bagyşlanan hem-de örän baý milli mirasy, onuň dowamatlylygyny we ýurdumyzyň durmuşynda tutýan ornuny açyp görkezýän beýleki eserleriň sergisi bezedi.

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň baştutanlary, ýaşulular we ýaşlar bar.

Milli Liderimiz ýygnananlary şanly baýram bilen gutlap, senetkärleriň we çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly şäherjigine öwrülen toplumyň çägine girýär. Folklor toparlarynyň çykyşlary, halylaryň we ýüpek matalaryň, nepis nagyşly milli lybaslaryň, aýal-gyzlaryň şaý-sepleriniň hem-de at esbaplarynyň, çeper keramikanyň, däp bolan öý hojalyk esbaplarynyň, saz gurallarynyň, sowgatlyk önümleriň we beýlekileriň sergisi gadymy döwürden Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp sanly Gündogar bazaryny ýada salýar.

Şol wagtda Halkara atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandy. 
Ýurdumyzyň her bir welaýaty döredijilik mekdepleriniň, çeper elli senetkärleriň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan öz sergisini gurady, senetkärleriň işleýşine gönüden-göni syn edip bolýar. Şeýle hem bu ýerde muzeý gymmatlyklary hem-de häzirki zaman suratkeşleriniň işleri, taryhy ýadygärlikleriň fotosuratlary we maketleri görkezildi. Bularyň hemmesi 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Ahalteke bedewiniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri sergide aýratyn orun eýeleýär. Halylarda özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda we fotosuratlarda ajaýyp bedewler şekillendirilýär, bedewleri baýramçylyga kybap bezemek üçin ajaýyp şaý-sep toplumlary bolsa türkmenleriň ýelden ýüwrük atlara goýýan çäksiz sarpasynyň subutnamalarydyr.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary we tans toparlary dabara gatnaşýanlary aýdyň öwüşginli çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Ýygnananlaryň öňünde dürli halkara sirk sungaty festiwallarynyň baýraklaryna mynasyp bolan meşhur “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar topary gyzykly maksatnama bilen çykyş etdi.

Bu toparyň agzalary akylyňy haýran edýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Olaryň çykyşlarynda esasy zat diňe bir tilsimleriň çylşyrymlylygy we hatda çapyksuwarlaryň batyrgaýlygy däl-de, adamlaryň we bedewleriň doly sazlaşykly jebisligidir. Bularyň ählisi bilelikde manežde bir ajaýyp bitewüligi emele getirýärler. Toparyň ýerine ýetirýän täsin tomaşasy üýtgeşik hem-de töwekgelçilikli maşklardan ybaratdyr, olar tomaşaçylary tolgundyryp, birek-birege doly ynam bilen sözüň doly manysynda birek-biregiň ygtybarly gollaryna daýanmagyň zerurdygyny görkezýärler.

Şunuň ýaly atçylyk-sport oýunlary tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, olaryň kalplarynda bedewlere çäksiz söýgi hem-de çapyksuwarlaryň we zenan çapyksuwarlaryň, aýratyn-da, ýetginjek atlylaryň batyrgaýlygyna haýran galmak duýgularyny döredýär.

Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri dünýä merkezi bolup durýar, häzirki döwürde bolsa biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam edip, iri gözden geçirilişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Bedew, ilkinji nobatda, tutanýerli zähmetiň nyşanydyr. Öz gözelligi, syraty, ýyndamlygy, nepisligi bilen görenleri haýran galdyrmak derejesine ýetýänçä, bedew köp we tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Türkmen halky netijeli zähmet çekmegi başarýar — atlaryň ahalteke tohumy munuň aýdyň mysalydyr. Halkymyz öz üstünliklerini we gazananlaryny ruhubelentlikde bellemegi hem başarýar.

Umumymilli söýgä eýe bolan bedewiň hormatyna ýurdumyzda ýene-de uly baýram giňden ýaýbaňlanýar, at çapyşyklary bu tomaşanyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özi üçin bellenilen ýere geçýär. 
Alypbaryjy möwsümiň iň abraýly bäsleşikleriniň — baýramçylyk çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Bäsleşiklere badalga berilýär, gamyşgulak, ýyndam bedewler tizliklerini barha artdyryp, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Halk seçgiçileri we seýisleri, ahalteke bedewi ýaly belent sungat eserini döredipdirler, bu atlaryň arassa ganlylygyny saklamak bilen, ýurdumyzyň atşynaslary olaryň gowy taraplaryny ösdürmegi dowam edýärler.

Sport atlaryny taýýarlaýan milli mekdebimiziň esasy tapawudy türkmenleriň atlary eldekileşdirmän, olary hut terbiýeläp ýetişdirýänliginde jemlenýär. Tejribeli seýisleriň aýdyşy ýaly, atyň gyňyr gylygyny, eserdeňligini, ganygyzgynlygyny, baş bermezligini görkezmegi onuň adam bilen gatnaşyklarynda ynamyň ýetmeýänligini aňladýar. Emma taýçanak dogry ösdürilende, ol adamyň hoşniýetli we wepaly dostuna öwrülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmäge, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklary ýola goýmaga hem gönükdirýär. Emma esasy zat — bu atçylygyň däpleriniň yzygiderliligini, onuň maňzyny aýawly saklamakdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bu yzygiderlilik asyrlarboýy nesilden-nesle geçirilip gelindi, bu gün sanly tehnologiýalar eýýamynda ýaşlaryň milletiň janly buýsanjyna, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän baýlygyna aýawly garaýşyny ýitirmezligi zerur bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň özi mysal bolup, bedewlere bolan söýgini öz agtyklarynda kemala getirip, olara diňe at münmegi däl-de, eýsem, bedewe ideg etmek, ony ösdürmek endiklerini hem öwredýär.

Türkmenistanda gadymy däpleri bolan at çapyşyklary bolsa häzir hem, ozalkysy ýaly, uly meşhurlykdan peýdalanýar. Münberde oturan janköýerleriň, tele we surat kameralarynyň, şol sanda daşary ýurtly habarçylaryň dykgat bilen syn eden ýaryşlary iki sagatdan hem gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň senasyna öwrüldi.

At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin synag hem bolup durýar. Atly sport adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär.

Düýn dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi 7-si bolup, olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

Soňra baýramçylyk ýaryşlaryny — şu günki at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga ýaryşyň we konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedowyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Uzak aralyga geçirilen ýaryşyň menzili 60 kilometre deň boldy. Türkmen bedewleri ýolda diňe ýyndamlygyny däl, eýsem, çydamlylygyny hem görkezdiler.

Şunda iň gowy netijäni 2010-njy ýylda doglan Garasakar atly gara at görkezdi. Ony B.Mämmedow çapdy. 2-nji orny 2013-nji ýylda doglan Meledepel diýen dor at eýeledi. Ony M.Daýdanow çapdy. 3-nji orna bolsa Garaguş atly gara at mynasyp boldy. Onuň çapyksuwary N.Nunnaýew.

Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklarda geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen hem şan-şöhrata eýe boldular. Olaryň görkezen netijeleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmaýar.

Ahalteke bedewleri diňe däbe öwrülen at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulan konkurda hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Elbetde, biziň türgenlerimize altyn medal getiren Aziada — 2017 ýurdumyzda atly sportuň beýleki görnüşlerini hem ösdürmäge täze itergi berer. Şonuň üçin halkara ýaryşlara gatnaşmak babatda türkmen türgenleriniň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Şonda olar dünýäniň atly sportunyň öňden gelýän liderleri bilen mynasyp bäsleşip bilerler.

Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy.

Dabaranyň ahyrynda toplumyň sahna meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp goşgusyna düzülen “Bedew” atly aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Ol bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlaryň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen giň gerimli çärelere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

* * *

Dynç güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi. Olaryň maksatnamalaryny konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, köpçülikleýin gezelençler, şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini sylaglamak çäreleri düzdi.

Baýramçylyga gabatlanan döredijilik we sport çäreleri türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýelän hem-de adamlary hemişe ruhlandyrmagy we haýran galdyrmagy başarýan behişdi bedewlere bagyşlandy.

Türkmenistan şu günki dabaralary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli atçylyk mekdebini ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleri bilen iri halkara atçylyk merkeziniň ornuny berkidip, gadymy däplere daýanyp, misli ýüwrük bedew kimin täze belentliklere tarap batly gadam urýar. (TDH)



Degişli Habarlar