Türkmen-eýran işewürler maslahaty

Düýn paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi

Türkmen-eýran işewürler maslahaty

Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy. 

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzümleriniň, telekeçiligi goldamak baradaky guramanyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem gurluşyk serişdelerini, turbalary, kabelleri, polietileni, oba hojalyk tehnikalaryny, sement, plastik önümleri öndürýän, dokma senagatynda, energetika, dag-magdan we derman senagaty, söwda, gurluşyk ulgamlarynda, hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda inženerçilik-aragatnaşyk, ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde, ätiýaçlandyryş babatda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 30-dan gowragy bar. Olaryň hatarynda “Arabard Gharb”, “Kavoos Stone Industry Co.”, “Dor Fak Manjil”, “Bojnord Plastic”, “Baniar Polymer Petrochemical”, “Navard Louleye Ghaem”, “Kaveh Pars Mining Ind”, “Khazar Electric”, “Iran Barak”, “Traktorsazi Iran”, “Dazi Trading”, “Sirang Tejarat Iranian”, “Mambeton Payedar Shargh”, “Azar Passilo”, “Shafi Daroo Co.”, “Tejarat Sabze Roshan”, “Iran Novin Insurance”, “Torang Darya” we beýlekiler bar. 

Duşuşyga türkmen tarapyndan esasy ministrlikleriň we edaralaryň, söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. 

Iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary maslahaty açyp, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanan, häzirki döwürde mynasyp dowam edýän hyzmatdaşlygyň sazlaşykly häsiýetini bellediler. Bu hyzmatdaşlyk tutuş sebitiň özara bähbitlerine hem-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna kybap gelýär diýip, ýygnananlar bellediler. 

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadari, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň beýleki wekilleri netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň özara islegleriniň onuň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdiklerini nygtadylar. 

Sazlaşykly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde statistika maglumatlary getirildi. Hususan-da, 2018-nji ýylyň ýanwar aýy üçin ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda EYR-nyň 7-nji orny eýeleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlary boýunça şu ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa görä, eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 89-sy hasaba alyndy, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1310,95 million dollaryna, 0,8 million ýewro we 0,81 million manada deňdir. Ýurdumyzda şu güne çenli eýran maýasynyň, şol sanda jogapkärçiligi çäklendirilen birleşigiň, aýrybaşga kärhanalaryň, wekilhanalaryň, şahamçalaryň gatnaşmagynda eýeçiligi dürli görnüşdäki kärhanalaryň jemi 142-si bellige alyndy. Üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olaryň hatarynda işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. 


Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn amala aşyrmagyň, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň hasabyna türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň baş wezipesi bolup durýar. Işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklary daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Soňky ýyllaryň ýokary makroykdysady görkezijileri, jemi içerki önümiň sazlaşykly ösmegi, kärhanalaryň durnukly maliýe ýagdaýy, ilatyň girdejileriniň artmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Abraýly halkara guramalaryň bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan çalt ösmegini dowam etdirýär. 


Döwlet tarapyndan hususy telekeçiligi goldamak boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň işewür toparlaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge çekmäge ýardam edýär. Häzir döwlete dahylly bolmadyk pudagyň jemi içerki önümde paýy 64,5 göterime deň bolup durýar, şunda ýangyç-energetika toplumy göz öňünde tutulmaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümde hususy pudagyň paýyny 70 göterime çenli ýetirmek barada wezipe goýdy. Käbir pudaklarda, aýratyn-da, hyzmatlar ulgamynda bu görkeziji meýilleşdirilen sepgide ýetdi. 

Maslahatyň çäklerinde iki goňşy ýurduň edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi, Türkmenistanyň we EYR-nyň Liderleri tarapyndan şu günki gepleşikleriň barşynda kesgitlenilen möhüm wezipeler hem-de täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. (TDH)



Degişli Habarlar