Mary welaýatynyň orta asyr ýadygärliginde lukmançylyga degişli tapyndylar ýüze çykaryldy

Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan täze tapyndylar ýüze çykaryldy

907550
Mary welaýatynyň orta asyr ýadygärliginde lukmançylyga degişli tapyndylar ýüze çykaryldy

9-njy fewralda geçirilen hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B. Abdyýewa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada habar berdi. Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar.

Geçen ýylyň baharynda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň, “Gadymy Merw” hem-de “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleriniň we arheologlarynyň bilelikdäki topary bu ýerde täze barlaglara başladylar. Geçen ýylyň güýz möwsüminde galanyň günorta-gündogar çetinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde täsin tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu ýerde bişen kerpiçden gurlan gala diwarynyň we oňa ýanaşyk gurlan otaglaryň birnäçesiniň üsti açyldy, galanyň daş ýüzünde bişen kerpiçden örülip ýasalan suw geçirijiniň hem-de keramiki turbalaryň üsti açyldy.

Bulardan başga-da, arheologik gazuw-barlag işleriniň dowamynda bişen kerpiçden gurlan, otaglarynyň ýerleşişi adaty ýaşaýyş jaýlaryndan tapawutlanýan orta asyr desgasynyň üsti açyldy. Onuň otaglarynyň birinden köpsanly aýna önümleriniň bölekleri we abat saklanyp galan özboluşly çüýşe gaplaryň hem-de ownuk metal gurallaryň birnäçesi çykdy. Barlaghanada geçirilen deňeşdiriş-seljerme işleri bu täsin tapyndylaryň tebipleriň we lukmanlaryň guraly bolup hyzmat edendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Habar berilişi ýaly, bu tapyndylar zerur bolan berkidiş işleri geçirilenden soň, ýurdumyzyň muzeýleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüler. Häzirki wagtda bu tapyndylar “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda saklanylýar hem-de şol ýerde zerur bolan ilkinji berkidiş işleri geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gadymy taryhyny şöhlelendirýän hem-de türkmenleriň ýokary medeniýetiniň, olaryň ylmy ösdürmäge hem-de umumadamzat siwilizasiýasyna goşandynyň wajyp subutnamalary bolan Daňdanakan galasynda ýüze çykarylan täze tapyndylaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de bu ugurda arheologlaryň-alymlaryň alyp baran işlerine mynasyp baha bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.(TDH)



Degişli Habarlar