Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar

Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar

903846
Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar

Ýaryşlaryň jemleýji güni medallara bereketli gün boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň abraýyny Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ikinji ýyl talyby I.Welihanowa gorady.

Ýaryşlaryň dört görnüşinden (päsgelçilikli 60 metr aralyga ylgamak, beýiklige bökmek, ýadro zyňmak, uzynlyga bökmek) soň, biziň türgen gyzymyz dördünji orna geçip, Gazagystandan bolan bäsdeşinden yza galdy. Emma 800 metr aralyga jemleýji ylgawda gazanylan ýeňiş I.Welihanowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmaga mümkinçilik berdi.

4400 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşda gazanylan üstünlik biziň ýygyndymyza bürünç medalyny getirdi. O.Hudaýbergenowa, W.Meredowa, M.Rozymowa hem-de I.Welihanowa “Aşgabat — 2017 ” oýunlarynda gazanan netijelerini berkitdiler. (tdh.gov.tm)



Degişli Habarlar