Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Türkiýeden häzire çenli 30 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Gaza ugradyldy.
2234246

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşykdan soň Türkiýe tarapyndan ugradylan ynsanperwer kömegi Gaza bardy.
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazada 46 müň 913 palestinaly ýogaldy.
2,3 million adamyň ýaşaýan ýeri harabalyga öwrüldi.
Türkiýe Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin Müsür bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Türkiýeden häzire çenli 30 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Gaza ugradyldy.
Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti serhetleriň ýapykdygyna garamazdan Gazanyň demirgazygynda 10 müň, günortasynda bolsa 15 müň adama gyzgyn nahar paýlamak taýarlyk gördi.
Degişli Habarlar

Stambulyň Ilaty 15 Million 701 Müň 602 Adama Ýetdi
Türkiýäniň jemi ilatynyň 18,3 göterimi Stambul şäherinde ýaşaýar.