Türkiýe Boludaky myhmanhana ýangynynda onlarça adamyň pida bolmagy sebäpli ýas tutýar
Halky jebislige çagyran Erdogan, şu agyr şertlerde hemmeleri halkyň ýasyna sarpa goýmaga çagyrdy.
2233070

Türkiýe Bolu welaýatyndaky Grand Kartal myhmanhanasynda bolan we azyndan 76 adamyň ölmegine, 51 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ýangyndan soň bir günlük milli ýas yglan etdi.
Wepat bolan raýatlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildiren Prezident R.T.Erdogan lyža merkezinde bolan tragiki waka sebäpli jogapkärlerden hasap soralmagy üçin ähli başlangyçlaryň ediljekdigini aýtdy.
Halky jebislige çagyran Erdogan, şu agyr şertlerde hemmeleri halkyň ýasyna sarpa goýmaga çagyrdy.
Myhmanhanada halas edişleri gutardy, halk köpçüliginde howpsuzlyk şertleriniň berkidilmegi üçin çagyryş edilýär.
Degişli Habarlar

Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Gwatemalada ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçramagy sebäpli 51 adam ýogalypdy.